Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (40-njy bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (40-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Bu suraty bärden asanlygymyň sebäbi, ol maňa durmuşyň iň bir möhüm sapagyny, ýagny bol-elinlige özgäniň kömegi bolmasa ýetip bilmejekdigini ýatladýar.Eger adam bu hakykaty boýun almakdan ýüz öwürýän bolsa, onda onuň bankdaky hasaby, ulaglarynyň ýa-da öýleriniň sany her näçe bolsa bolubersin, ol tä Hakyky Baýlygyň onunjy syryny bilýänçä, ýagny haýyr-sahawatyň güýjüne düşünýänçä, hiç wagt özüni baý duýup bilmez. — Haýyr-sahawatyň? — diýip, ýaş ýigit ynamsyzlyk bilen sorady. — Hawa — diýip, jenap Liwer jogap berdi. — Haýyr-sahawat Hakyky Baýlygyň iň möhüm bölegidir.

Elbetde, diňe maşgalaňyz üçin pul ýygnamak isleýän bolsaňyz, muny rehim-şepagat görkezmän edip bilersiňiz, ýöne beýtseňiz hiç wagt Hakyky Baýlygyň nämedigini bilmersiňiz. Ýadyňyzda saklaň, baýlyk diňe puluň ýa-da mülküň känligi bilen ölçelmän, ol adamyň ýaşaýşynyň hili bilen kesgitlenýär. — Ýöne haýyr-sahawatyň biziň ýaşaýşymyzyň hiline nähili dahyly bar? — diýip, ýaş ýigit sorady. — Siz haçan-da bir wagt kimdir birine gaýtargysyz ýagşylyk edip gördüňizmi?

Aýdaly, eliňizden gelýänligi üçin kömek edip gördüňizmi?Bu ýönekeýje zat bolsa-da bolýar, meselem, kyn güne düşen adamy köçeden geçirip ýa-da ýoluny tapman ýören adama ýol salgy berip gördüňizmi? Ýaş ýigit başyny atdy. — Onsoň nähili duýguny başdan geçirdiňiz? — diýip, jenap Liwer sorady. — Bu size lezzet berdimi?

Birine kömek edeniňiz üçin ýüregiňizde şatlyk duýgusy döredimi? — Hawa. — Ol adamyň düşen ýagdaýyna üns bermän gapdalyndan geçen bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz? — Ähtimal, özümi günäkär hasaplaryn — diýip, ýaş ýigit boýnuna aldy. — Gaty dogry. Şonuň üçin, görşüňiz ýaly, duýgudaşlyk bildirmek, birine kömek etmek bilen siz özüňiz hakynda gowy pikir edip ugraýar.

Siz jemgyýet üçin nähilidir bir haýyrly iş edip biljekdigiňizi duýýarsyňyz. Şeýdibem aň asty aňyňyzda ullakan zada mynasypdygyňyza ynanýaňyz. — Bu bize özümizi gowy duýmaga kömek etse-de, baýlyk toplamaga kömek etmez — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Siz gazanjyň ondan bir bölegini haýyr-sahawat etmelidigi barada eşitdiňizmi? — diýip, jenap Liwer sorady. — Hawa.

Dindarlar girdejileriniň belli bir bölegini ybadathana bagyş edýär. — Hawa. Ýöne bu ýörelge gaty uzaklardan gaýdýar, adamlar öz gazanjynyň bir bölegini (adatça, on göterimini) mätäçlere berýär.Häzir muny diňe baýlar edäýmese, başga adam edenok.

Teologlar munuň näme üçin gerekdigi barada jedelleşýärler.Olaryň käbiri muny salgydyň ýönekeý görnüşi hasaplasa, başga biri jemgyýetiň agzalary barada alada diýip çak edýär. Ýöne olar bir zat barada — kim bu ýörelgeden ugur alsa, onuň ahyrky netijede utuş gazanýandygyny, beren puluny örän köp edip yzyna alýandygyny unudýar. — Siz: Olar özi hakynda gowy pikir etmäge mümkinçilik gazanýar diýjek bolýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit çak etdi. — Hawa, ýöne başga birine bermek bilen, ahyrky netijede özümiz alýarys.

Biz durmuşda her näme etsegem, ýagny günä iş etsegem, haýyr iş etsegem, ol özümize dolanýar.Adam nähili sadaka berse-de, ol köpelen görnüşinde yzyna gaýdýar.Muny beren adamyňyzdan almak hökman däl, ol başga biriniň üsti bilen ýene size gelip gowuşýar.

Köp ýyl mundan ozal men ýaşamak üçin göreşýärdim.Bir işiň başyny tutanam bolsam, ol meniň wagtymyň agramly bölegini alýanam bolsa, hiç hili üstünlik gazanyp bilemokdym.Günlerde bir gün… — Garry hytaýly duşdymy? — diýip, ýaş ýigit onuň sözüni böldi. — Hawa, başga kim bolsun? — diýip, jenap Liwer güldi. — Men onuň kömegi bilen Hakyky baýlygyňy syrlaryny hemem haýyr sahawatyň nähili güýjüniň bardygyny bildim.

Men şol wagt pulumyň ujundan aýryp, haýyr-sahawat edip bilmejekdigimi aýtdym. Ýöne garry aýak diräp, meniň haýyr-sahawat edip biljekdigimi ynandyrdy.Elbetde, muňa örän ynamsyz garadym, ýöne başga bir adam gazanjynyň on göterimini berendigini, şondan soň işleriniň ugruna bolandygyny aýdyp, meni ynandyrdy. Şeýlelikde, olara boýun boldum hemem aýdan zatlarynyň dogrudygyna geň galdym, sebäbi özüm hakynda gowy pikir edip ugradym, durmuşa bolan höwesim artdy… hemem girdeýjim köpelip ugrady. Şo sebäpli muny ýene bir gezek tassyklamaga razy, durmuşymyň üýtgemegi üçin men ilkinji nobatda haýyr-sahawatyň güýjüne borçly.

Häzir meniň ägirt uly baýlygym bar: şu öý özümiňki, Barbadosda uly ýaýlam hemem Şweýsariýada lyžada gezelenç eder ýaly ýerim bar.Bulardan başga-da, gadymy rolls-roýsum bar, arassa girdeýjim bolsa 10 million funt. — Siz, dogrudanam, ýagşylyk etmek ýörelgesiniň özüňize kömek edendigine ynanýaňyzmy? — diýip, ýaş ýigit sorady.— Gürrüňsiz.

Elbetde, diňe bir ol däl.Bu işde Hakyky Baýlygyň ähli syrynyň kömegi degdi.Gazanjymyň on göterimini böleşip ugranymdan soň, men özümi baý duýup ugradym hemem şondan az wagt geçenden soň, girdejilerim artyp ugrady. Şertnamalar, mümkinçilikler sil suwy ýaly gelip ugrady.

Siz häzir: Bu zatlar ýöne bolaýan zat diýip aýdyp bilersiňiz, ýöne bular ýaly zatlaryň bolandygyny aýdyp biljek adamlar kän. Ýaş ýigit ýandepderçesine bir zatlar ýazyşdyrdy, jenap Liwer bolsa sözüni dowam etdi. — Baýlyk — bu tozanlandyryjy ýaly bir zat, azajyk daş-töweregiňe sepeleýäň welin, köpelmek bilen bolýar. Ýöne ony ulanman bir ýere üýşürip goýsaňyz, ondan çykan erbet yslar daş-töwerege ýaýrap, howply mikroplaryň hemem bakteriýalaryň çeşmesine öwrüler.

Eger baýlygyňyzyň bir bölegini beresiňiz gelse, mätäçlere beriň, şonda puluňyz bagtyň çeşmesine öwrülip, siz ony diňe köpeltmek bilen bolarsyňyz. — Ýöne muny etmek üçin adam kömek eder ýaly derejede baý bolmaly ahyry — diýip, ýaş ýigit garşylyk görkezdi. — Adamlaryň aglabasy siziň ýaly pikirde — diýip, jenap Liwer aýtdy. — Ýöne durmuş başgaça gurulan.

Eýsem 100000 funt gazanýana 10000 funt bermek, 10000 funt gazanýana 1000 funt beren ýaly aňsatdyr öýdýäňizmi? — Meniň pikirimçe, ýok — diýip, ýaş ýigit bir minut pikirlenip duranyndan soň aýtdy. — Eger gazanjyňyzyň on göterimini mätäçlere bermegi özüňize endik edinseňiz, bolçulyk duýgusynyň aňyňyza ornaşandygyny, geregindenem artyk baýlygyňyzyň bardygyny görersiňiz, netijede bolsa Hakyky Baýlygyň arygyna düşersiňiz. — Biz aýlanyp-dolanyp ýene-de şu surata gaýdyp gelýäris — diýip, jenap Liwer diwardaky suraty görkezip durşuna aýtdy. — Biziň hiç birimiz ýekelikde hiç zada ýetip bilmeris.

Siziň kimdigiňiziň, nirelidigiňiziň ähmiýeti ýok, sizi üstünlige, baýlyga ýetirmek üçin ýanyňyzda hökman beýleki adamlar bolmaly. Şonuň üçinem men haýyr-sahawat etmegi örän möhüm hasaplaýaryn. Öýlerine gaýdyp gelenden soň, ýaş ýigit aýdylan zatlar barada netije çykardy:

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (29-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (28-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (26-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (27-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (30-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (31-nji bölüm)