Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr

Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr

Mars planetasyna heniz adam aýagy sekmedik bolsa-da, bu ýerde eýýäm edil ýerdäki ýaly zyňyndylar peýda bolupdyr. Gyzyl planetada geçirilen 53 ýyllyk missiýalaryň netijeleri 7,12 tonna zibiliň toplanandygyny görkezdi. Bu barada The Daily Mail neşirine salgylanýan MIR 24 habar berýär.

Marsdaky zibilleriň hatarynda metal bölekleri, ekranlar, paraşýutlar, boltlar, mata gözenekleri, şeýle-de hatardan çykan enjamlar bar. Mysal üçin, taryhda ilkinji bolup marsa aralaşan (1971-nji ýyl) emeli obýekt hasap edilýän sowet soýuzynyň Mars-2 enjamy, britanlaryň 2023-nji ýylda aragatnaşyk habarlaşygy ýiten Bigl-2 enjamy hem-de döwülmek bilen missiýasyny tamamlan NASA Ingenuity dikuçary bar.

Alymlar bu meselede ylmy özgertmeler bilen beýleki planetalarda daşky gurşawy goramagyň arasynda balansy saklamagyň wajypdygyny nygtaýarlar. Bu müşgilligiň çözgüdini bolsa — Marsa gonan wagtynda komponentleri taşlamaýan kosmiki enjamlaryň döredilmeginde ýa-da barlag missiýasyndan soň yzyna Ýere gaýdyp gelmäge ukyply enjamlaryň işlenip taýýarlanylmagynda görýärler.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Britaniýa bir gijede 35 müň ýyldyrym düşdi
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi