Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi

Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi

Tesla kompaniýasyna degişli bolan robot hatardan çykdy we Ostin şäheriniň golaýyndaky Giga Texas zawodynyň işgärine hüjüm etdi. Bu barada Daily Mail gazetine salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, maşyn öz metal penjelerini ulanyp, işçä hüjüm etdi. Netijede, ol erkek kişiniň arkasyna we ellerine ýara saldy.

Habarda şeýle-de iki işgäriň enjamyň hereketini görenlerinde, gaty gorkandygy aýdylýar. Robot awtoulagyň guýlan alýumin detallaryny alyp geçirmek üçin niýetlenipdir.

Kompaniýanyň işgärleriň önümçilikde alan şikesleri baradaky hasabatynda 2022-nji ýylyň dowamynda Giga Texas awtoulag kärhanasynyň her 21-nji işgäriniň iş ýerinde şikes alandygy habar berilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tesla 1500 robotaksi öndürer
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Siriýada, ABŞ-nyň Öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e Garşy Koalisiýa Güýçlerine Hüjüm Guraldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Pikiri okaýan emeli aň
Dünýäniň iň gymmat 30 kluby