Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Ysraýyla berk garşylyk görkezildi” söz başyly habarynda, Ysraýylyň ýary gije Gaza garşy başladan hüjümine syýasatçylaryň berk garşylyk görkezendigini ýazýar.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, “Ysraýylyň adamkärçilige we hukuga bap gelmeýän hüjümini berk näletleýärin” diýdi.

Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalyn, hüjümi näletmek blen “Ysraýylyň hökümeti birnäçe günden bäri bilkastlaýyn ýagdaýda dowam etdirýän zulum syýasatyndan gyssagly ýüz öwürmeli” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş bolsa “Terror döwleti Ysraýylyň aksiýalary gyssagly bes edilmeli” diýdi.

“Watan” gazeti, “Ministr Akar, Amerikaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berýär.

Ministr Akar telefon söhbetdeşliginde ýer titremelerinden soň ABŞ-nyň beren kömekleri we arkalaşykly hereketleri sebäpli sagbolsun aýtdy. Akar mundan başgada NATO-nyň Açyk gapy syýasatyna goldaw berýändigini, Finlýandiýanyň agzalygynyň hem muny ýene-de bir gezek görkezendigini we gysga wagtda Şwesiýanyň hem beren wadalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýändigini belledi.

“Sabah” gazeti, “Emine Erdogan. Biz bu mesela ünsiz çemeleşip bilmeris” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdoganyň ýolbaşçylygynda başladan O zyňyndy taslamasynyň ylham berýän hekaýasy hakynda ýörite kitabyň çap edilendigini habar berýär. Emine Erdogan, kitabyň giriş sözünde “Ýok bolan çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň dünýasi. Biz bu mesela ünsiz çemeleşip bilmeris” diýdi.

“Star” gazeti, “Türkiýe 2028 we 2032 Ýewropa çempionadyna ýer eýeçiligine etmek üçin ýüz tutar” söz başyly habarynda, Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň, Türkiýäniň 2028-2032-nji ýyllarda geçiriljek Ýewropa futbol çempionatlaryna ýer eýeçiligini etmek üçin ýüz tutjakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Dalaşgärlik üçin taýarlanana ýörite delo 12-nji aprelde Türkiýäniň Futbol federassiýasy tarapyndan UEFA hödürlener.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Türkiýäniň iň uly harby gämisi wezipesine taýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň uly harby gämisi boljak TJG Anadolunyň, duşenbe günşi Deňiz güýçleri serkerdeligine tabşyryljakdygyny ýazýar.

TJG Anadolu ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen Türk deňiz flodynyň güýjüne güýç goşar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“TJG Anadolu Ulanmaga Taýýar”
TJG Anadolu Wezipesine Taýar
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
TJG Anadoly gämisi Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy
Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy