Goranmak ministri Hulusi Akar Kahramanmaraşda saparda bolýar

6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň sebite giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň ol ýerdäki gözegçilik işleri dowam edýär.

Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler bilen Kahramanmaraşda türk esgerler tarapyndan gurulan Milli Goranmak ministrliginiň göçme hassahanasynda gözegçilik işlerini geçiren we edilýän işler barada maglumat alan Hulusi Akar, hassahananyň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjandan sebite gelen we göçme hassahanasynda iş alyp barýan 12 harby lukmana we 8 şepagat uýasyna hem minnetdarlyk bildiren Hulusi Akar, Türkiyäniň we Azerbaýjanyň Iki Döwlet Bir Milletdigini beýan etdi.

Hulusi Akar: "Ony nähili 44 gün dowam eden Garabag sebitindäki Watan operasiýasynda görkezen bolsak, şu gün hem siz görkezýärsiňiz.Jebislik we agzybirlik bilen işlerimizi dowam etdireris.Sag boluň, bar boluň, ýaşasyn Azerbaýjan-Türkiye doganlygy" diýip belledi.

19 konteýnerden we 21 çadyrdan ybarat Milli Goranmak ministrliginiň göçme hassahanasynda öz ugrunda tejribeli harby lukmanlar, saglygy goraýyş işgärleri, dolandyryş we tehniki işgärler bolmak bilen jemi 70 adamdan ybarat işgär bilen ýer titremäniň ilkinji günlerinden başlap, raýatlara saglygy goraýyş boýunça hyzmat berilýär.

Ýer titremeden soň sebite gurluşyk ulaglaryny getiren Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň iň uly gämileri bolan TJG Baýraktar we TJG Sanjaktar içindäki enjamlaryň geçirilmeginden soň, ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde saglygy goraýyş hyzmatlaryny bermäge başlady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Täjigistanly zenanlara öz telekeçiligini ösdürmekde ýardam berler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Dynamik Manta 2023" atly harby türgenleşik başlady
Şu gün 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly