UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady

UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady

Ýeňil agramda (70 kg çenli) UFC-niň titulyna öňki dalaşgär we Bellatoryň eks-çempiony, amerikaly Maýkl Çendler indiki gezek watandaşy Dastin Porýe bilen tutluşar. Başa-baş söweş 12-nji noýabrda geçer diýip, UFC-niň metbugat gullugy habar berýär.

Göreş UFC 281 turniriniň çäklerinde Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçer we üç raunddan ybarat bolar.Täze Zelandiýaly Esrael Adesanýe bilen Aleks Pereýronyň arasyndaky titul üçin göreş agşamyň esasy başa-baş göreşi bolar.

Maýkl Çendleriň birnäçe göreş üçin şertnama gol çekendigi owal habar berlipdi. Çendler özüniň soňky göreşinde Toni Fergýusony nokaut bilen utandygyny ýatladýarys.Dastin Porýe Çarlz Oliweýra bilen duşuşyp, göreşde sabmişen bilen ýeňildi.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Hytaýda pandalary öwrenmek boýunça milli merkez açyldy
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy
Demirgazyk Koreýanyň lideri uruşa görülýän taýarlyklaryň çaltlandyrylmagyny isledi