Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl

Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl

Türkmenistanda

1. 18-20-nji noýabrda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Çäreler Aşgabatda we Türkmenabatda bolar. Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe konsertler geçiriler, olarda türk sungat işgärleri çykyş ederler. Şeýle hem Türkiýäniň amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar.

2. Türkmenistanyň nebit we gaz boýunça döwlet konsernleri 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagtynda ýurduň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirerler. Forum Türkmenistanyň energetika ulgamynyň dürli pudaklaryna daşary ýurtlardan göni maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda uçuş amala aşyryp, Aşgabatda onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Dürli maksatly binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýändigi bellenildi. Döwrebap ýollar, seýilgäh zolaklary ekologiýa abadançylygyny üpjün edip, Aşgabadyň şähergurluşyk derejesini has-da belende göterýär.

4. Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda soňky 100 ýylda ikinji gezek üçem bäbekleriň dünýä inmegi hasaba alyndy. Olar Şahymerdan Şammyýewiň we Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda dünýä indiler. Üç gyzjagaz Dünýä, Dursun we Abat 10-njy oktýabrda 10 sagat 10 minutda doguldylar. Täze doglan bäbekleriň atlaryny yzly-yzyna okasaň, olar bütin dünýäde parahatçylyk arzuwyny aňladar.

5. Noýabr aýynyň ahyrynda Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň kino işgärleriniň nobatdaky topary nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmi surata düşürmek üçin Özbegistana ugrar. Surata düşürmek işler gadymy Buhara şäherinde bolar. Topara Türkmenfilmiň ýaş režissýory Annadurdy Täşliýew ýolbaşçylyk eder, ol milli türkmen telewideniýesinde görkezilen Binýat atly doly göwrümli filmi bilen tanalýar.

Dünýäde

6.Nýu-Ýorkda geçirilen auksionda Başaşak Jenny ady bilen tanalýan ABŞ-nyň seýrek poçta markasy satyldy.Marka 1918-nji ýylda çykarylyp, onda gülkünç tipografik ýalňyşlyk goýberilipdir.Poçta biplanyny başaşak görnüşde şekillendirilen markany 76 ýaşly kolleksioner Çarlz Hak 2 million dollara satyn aldy.

Başaşak Jenny dünýädäki iň meşhur we gymmatly poçta markalarynyň biridir. Ýalňyşlyk ýüze çykmazyndan öň, bu markalaryň 100-e golaýy ýaýradyldy.

7. Ozon Özbegistanda harytlaryň satuwyny ýola goýdy. Indi ýurduň ýaşaýjylary islendik sebitden sargytlar boýunça söwdany amala aşyryp bilerler. Eltip bermegiň möhleti, ortaça, 12 güne deňdir. Ozon 2024-nji ýylda Özbegistanda hususy logistika infrastrukturasyny, şol sanda eltip bermek gullugyny, sargytlary kabul etmek we bermek boýunça nokarlar zynjyryny, şeýle hem ammarlaryny işe girizmegi meýilleşdirýär.

Sport habarlary

8.Dünýä çempionatynyň ikinji saýlama tapgyrynyň çäklerinde Özbegistana garşy geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistan milli ýygyndysynyň futbolçylary janköýerlere ýüzlendiler.Milli ýygyndynyň metbugat gullugy tarapyndan paýlaşylan wideoda Ruslan Mingazow, Rahat Japarow, Ata Geldiýew we Elman Tagaýew surata düşdüler.

Futbolçylar janköýerleri Aşgabat stadionyna gelip, topary goldamaga çagyrdylar.Türkmenistan bilen Özbegistanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky oýun 16-njy noýabrda ýerli wagt bilen sagat 19: 00-da Aşgabat stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy