Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy

Fransiýada Çarli Çapliniň gyzy Jozefina Hanna Çaplin 75 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Fransiýanyň “Le Figaro” neşiri habar berýär. Ol aktýor we režissýor Çarli Çapliniň gyzy we Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi Ýujina O’Niliň agtygydyr.

Aktrisanyň ýakynlary onuň 13-nji iýulda Pariždäki öýünde ýakynlarynyň arasynda aradan çykandygyny neşire habar berdiler. “Aktrisa bilen soňky hoşlaşyk, žurnalistler çagyrylmazdan öz ýakynlarynyň arasynda geçirilipdir” – diýip, “Le Figaro” neşiri belleýär.

Jozefina Çaplin Çarli Çapliniň dördünji nikasyndan (amerikaly aktrisa Une O’Nil bilen) 1949-njy ýylyň 28-nji martynda ABŞ-nyň Santa-Monika şäherinde dünýä indi. Jozefinanyň iki nikasyndan iki ogly bar. Ol 20-den gowrak filmde baş keşbi janlandyrdy, “Kenterberi hekaýalary” (1972) we “Gyzyl gijeler” (1974) filmlerindäki ýerine ýetiren keşpleri iň täsirlisi boldy.

Aktrisanyň kakasy Çarli Çaplin – sessiz filmleriň taryhynda iň meşhur aktýorlardan biridir.Ol 80-den gowrak filmde baş keşbi janlandyrdy we 70 filme režissýorlyk etdi. Çaplin ömrüniň dowamynda üç sany Oskar (1929, 1972, 1973), şeýle hem “Altyn ýolbars” (1972) we BAFTA (1977) ýaly baýraklara mynasyp boldy. 1999-njy ýylda Amerikanyň kino sungaty instituty Çaplini geçen 100 ýylyň içinde erkekleriň arasynda iň meşhur 100 kino ýyldyzlarynyň sanawynda onunjy orna mynasyp gördi.

Aktýor 1977-nji ýylda 88 ýaşynyň içinde Şweýsariýada aradan çykdy.Onuň dört nikadan 11 çagasy bar.

Ýene degişli makalalar

ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Beýik Getsbi” romanynyň seýrek nusgasy satylar
Nakgaş Aleksandr Kaşirskiý: geçmişe syýahat
Haýsy eliňde ýazýarsyň?!