15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy - “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şu gün agşam Awaza milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi.

Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen “Amul — Hazar 2018” awtomobil ýaryşy öz gerimi hem-de ähmiýeti boýunça Aziýada ýolsuz ýerlerden geçmek babatda uly ýaryşlara öwrüldi. Ägirt uly sport ýaryşy 20-den gowrak ýurtlardan — Fransiýadan, Ispaniýadan, Saud Arabystanyndan, Çehiýadan, Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan sportuň özüne çekiji görnüşleriniň biriniň ussatlaryny we höwesjeňlerini birleşdirdi.

Türkmenistandan dürli toparlarda ekipažlaryň 15-si çykyş etdi.Hünärmenleriň baha bermegine görä, ýaş türkmen toparynyň agzalary oňat netijeleri görkezdiler hem-de ynam bilen ýeňiş ugrunda bäsleşdiler.Amyderýanyň kenarynda ýerleşen gadymy Amul galasyndan ýola düşen gaýduwsyz sürüjiler gündogardan günbatarlygyna tutuş ýurdumyz boýunça bir ýarym müňden gowrak kilometr ýol aşyp, Garagum sährasynyň giňişliklerinde çylşyrymly ýol böleklerini geçdiler. Şu gün olar eko-ralli-reýdiň bäşinji tapgyryny tamamladylar. Ýaryş ýolunyň uzynlygy 203 kilometre deň boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar pellehana geldiler...

Bu tapgyrda Garri Hant (Beýik Britaniýa) öňdeligi eýeledi, ondan soň Hoan Roma (Ispaniýa), üçünji bolup pellehana Metýu Serradori (Fransiýa) geldi, onuň yzysüre Miroslaw Zapletal (Çehiýa) pellehanadan geçdi.Hoan Roma ähli tapgyrlaryň netijeleri boýunça ýeňijileriň birinji üçlüginiň başyny çekdi, ikinji orny Miroslaw Zapletal, üçünji orny bolsa Sergeý Wýazowiç (Belarus) eýelediler.

Türkmen toparlarynyň ikisi: Hojaguly Annamämmedow we Gaýgysyz Akmyradow (№100 — MINI — T1 1.2) hem-de Guwanç Hommadow we Rejepnyýaz Annaberdiýew (№104 — TOYOTA — T2 2.2) öz derejelerinde üçünji orny eýelediler.

Ralliniň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy Balkan welaýatynyň baş baýdak sütüni oturdylan meýdanda geçirildi, bu ýerde münber goýuldy.Dabarany alyp baryjy sürüjileriň atlaryny, olaryň toparlaryny we ýurtlaryny yglan etdi.

Her toparda ýeňiş gazananlar we baýrakly orunlara eýe bolanlar hormat münberinde öz orunlaryny eýelediler hem-de “Amul — Hazar 2018” ýazgyly baýraklary alyp, olary ýokary galdyryp, ýygnananlara görkezdiler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasyndan soň öz toparlarynyň agzalary bilen bilelikde surata düşdüler, habar beriş serişdeleriniň wekillerine interwýu berdiler.

Toparlar öz awtoulaglary bilen yzly-yzyna münbere çykdylar hem-de märekäni mübärekläp, milli baýdaklaryny ýokary galdyrdylar.Awtoulaglaryň käbiri diýseň haýran galdyrdy — olary diňe şeýle ýaryşlarda görmek bolýar.Olar badalga bilen pellehananyň arasynda ýeňil bolmadyk synagdan geçdiler, öwrülişikler we näsazlyklar boldy, elbetde, muňa sport diýilýär. Ýaryşa gatnaşyjylaryň her biri ýaryş sanawynda öňe geçmäge çalyşdy, emma pellehana ýyndamlar geldi.

Muňa garamazdan, jemleýji ýörişe ähli toparlar gatnaşdylar, olaryň agzalaryna ýadygärlik sowgatlyklar gowşuryldy.Kuwwatly ýük awtoulaglary münberiň ýanynda saklandylar.Hereketlendirijileriň sesi, el çarpyşmalar hem-de gutlag sesleri, şatlykly ýüzlenmeler baýramçylyk owazy bilen utgaşdy. Ýaryşyň ady — “Amul — Hazar 2018” Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş sebit üçin ýurdumyzyň baglanyşdyryjy ornuny ýüze çykarýar.

Ralliniň aralygy umumy uzynlygy 1500 kilometrden gowrak bolan ýörite ýer bölekleriň 5-sinden ybarat boldy.Ulaglaryň sürüjileri tomaşaçylary tehnikany ajaýyp dolandyryşlary bilen begendirdiler. Ýolsuz ýerlerden gyzykly, ýöne çylşyrymly ugur tehnikalar we adamlar üçin hakyky synag boldy.

Garagumuň çägesi, alaňlary, sährasy; tebigatyň gözelligi hem-de ýeňşe bolan ymtylyş ýaryşa gatnaşyjylary ruhlandyrdy.Bu ýaryş diňe bir ajaýyp sport şüweleňi bolman, eýsem, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga saldamly goşant boldy.

Islendik ýaryşda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda geçen rallide hem bäsdeşlik, göreş, ýokary ussatlyk ruhy ýüze çykdy. Ýöne, ilkinji nobatda, munuň özi dünýäde parahatçylygyň bähbidine adamlary birleşdirýän we jebisleşdirýän sport baýramçylygy boldy.

Bu ýaryşlary guramakda daşky gurşawy goramagyň, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere gönükdirilen çäre hökmünde ralliniň ekologik derejesi möhüm orun eýeledi.Türkmenistan öz syýasatynda şu meselelere uly ähmiýet berýär. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça “Amul — Hazar 2018” ralli ýaryşyna gatnaşyjylar ekologik taýdan arassa ýangyç bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, bu taslama ýene-de bir möhüm medeni wezipäni ýerine ýetirmek bilen ýurdumyzyň mirasyny — taryhy ýadygärliklerini, türkmen halkynyň aýawly saklaýan hem-de nesilden-nesle geçirilýän milli medeniýetiň we däpleriň baýlygyny dünýä ýüzüne tanyşdyrmagyň ajaýyp mümkinçiligini açdy. Ýaryşa gatnaşyjylar täze döwrüň ruhuna aralaşyp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleri, ýurdumyzyň ähli sebitlerine düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmak we senagat ösüşi bilen bilelikde gelýän özgerişlikleri öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar. Şu günki dabaralar bolsa agşamara “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çüwdürimler seýilgähinde dowam etdi, bu ýerde deňziň kenarynda awtorallini guraýjylar we oňa gatnaşyjylar, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary ýygnandylar.

Olara şu gün “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglary gowşuryldy we hormatly atlar dakyldy.Bu ýere gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, beýleki düzümleriň ýolbaşçylary garşyladylar.

Sport lybasly gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar.Döwlet Baştutanymyz ýörite taýýarlanan ýere geçýär.Dabaranyň başlanmagyna ähli zat taýýar.Sport awtoulagy görnüşinde bezelen giň sahna çyralaryň şöhlesine öwşün atýar.

Uly merkezi halka ruly şekillendirip, onda “Türkmenistan” ýazgysy, onuň üstünde 100 belgili ýaryş awtoulagynyň hem-de onuň üstünde Wepaly alabaýyň şekili ýerleşdirildi.Hut şeýle belgili awtoulagda döwlet Baştutanymyz ralli boýunça ýaryşlaryň başyny başlady. Ýazgynyň aşagynda hem-de ruluň her tarapynda tigirler görnüşindäki aýlawlarda awtomobil sporty boýunça türkmen ýygyndy toparynyň beýleki ulaglary görünýär.

Sahnanyň aşaky bölegi tolkun atýan deňziň şekilini, halkalaryň arkasy bolsa, “Amul — Hazar 2018” reýdiniň hereket edýän nyşanlaryny öz içine alýar.Alyp baryjy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen halkara awtorallisiniň, welosipedli ýörişiň hem-de ylgaw ýaryşlarynyň jemlenmeginiň hormatyna geçirilýän dabaralara gatnaşyjylaryň hemmesini gutlaýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara gutlag sözleri bilen ýüzlenýär. Şu ýylyň ýurdumyzda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen şygar astynda geçýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz geçirilýän çäreleriň çuňňur many-mazmunyny we taryhy ähmiýetini belledi.

Munuň özi ýurtlary we halklary birleşdirýän gadymy kerwen ýolunyň täze görnüşde dikeldilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.Halkara rallä gatnaşan türgenler Amuldan başlap, bütin türkmen sährasynyň gözel ýerleriniň üsti bilen geçip, Hazar deňziniň kenaryna gelip ýetdiler. Şu gün hem welosipedli, ylgaw we awtomobil ýaryşlarynyň jemi jemlendi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär diýleni.Biz şu gün Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijilerini sylagladyk.Medeniýet we sungat işgärlerimiziň birnäçesine hormatly atlary dakdyk diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Medeniýet biziň taryhymyz bilen aýrylmaz baglydyr.Geçmişde adamlary şunuň ýaly medeniýet birleşdirýärdi diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de medeniýet we sungat işgärlerini mynasyp bolan sylaglary hem-de hormatly atlary bilen tüýs ýürekden gutlap, olara mundan beýläk hem täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Biziň Garaşsyz döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar.Biz, hakykatdan hem, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, sporty ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Sebäbi sporty ösdürmek biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Sagdyn durmuş bolsa, adamlara egsilmez hyjuw we gujur-gaýrat berýär. Ýurdumyzyň halkara sport abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar.Häzir Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sport döwleti hökmünde dünýäde giňden tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşa gatnaşyjylary hem-de ýeňijileri bu ýaryşyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Garagum sährasynyň gözel künjeklerinden geçip, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere sportda uly üstünlikleri arzuw etdi. Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy hem-de türkmen topragynyň myhmanlaryny şu günki taryhy waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Soňra “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlessere söz berildi.Ol, ilki bilen, dünýäniň bagtyýar künjegi bolan Awazanyň gözelligini we umuman, Türkmenistanda bildirilen mähirli we şatlykly myhmansöýerligi belledi.

Ajaýyp, gaýtalanmajak tebigat, ýaryşa gatnaşyjylaryň ýollarynyň ugrunda gurnalan üýtgeşik düşelgeler — bularyň ählisi beýik medeniýetiň ýüze çykmasydyr diýip, myhman aýtdy.Ol şeýle hem döwlet Baştutanymyza hem-de dört görnüşde çykyş eden we baýrakly orunlary eýelän, ýaryşda iň köp sanly topar bolan Türkmenistanyň ýygyndysyna hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin dünýäde sportuň ösdürilmegine öz şahsy goşandyny goşýandygy bilen tanalýar, hususan-da, türkmen Lideri Ýer ýüzünde awtomobil sportunyň öňe ilerlemeginde uly orun tutdy diýip, myhman aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu ralliniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine örän uly ýardam berendigini belledi. “Türkmenistanda geçiriljek täze çärelerde, rallilerde görşeris!” diýip, Žan-Lui Şlesser arzuw etdi.

Ilkinji gezek geçirilen bu taslamanyň ençeme toparlaryň, sürüjileriň gatnaşmaga meýil bildirmekleriniň türkmen rallisiniň geljekde awtomobil sporty boýunça abraýly ýaryşlaryň senenamasyna girjekdigini çaklamaga esas berýändigi hakykatdyr.Birinjiden, dünýäniň iň uly çölleriniň biriniň “Dakar” derejesinde Ýer ýüzünde iň oňat ralli-reýdiň sürüjileriniň ýaryşlarynyň çäklerinde ähmiýetli orny eýelemäge mynasypdyr.

Ikinjiden, Garagumuň çägesi başdan geçirmeler häsiýetli nukdaýnazaryndan adatdan daşary çylşyrymly ýagdaýlary has köp özünde gizleýär: ol, Afrika çöli ýaly, beýle birmeňzeş däldir, landşaftlary boýunça birkysymly däldir hem-de has baý täsirleri bagyş edýär we munuň antropogen täsirlere asla düşmedik ýagdaýdaky diri ekoulgamdygyny nazara alanyňda, islendik pursatda garaşylmadyk wakalar bilen geň galdyryp biler.

Tebigaty gorap saklamagyň ýokary derejedäki bu nusgasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmegine mynasypdyr.Garagum adamlar tarapyndan asla özleşdirilmeýär diýip aýtmak bolmaz.Munuň näderejede amala aşyrylýandygy ekologiýa işlerini alyp barmagyň nusgalyk göreldesi hasaplanýar.

Garagumuň merkezinde diňe bir “Altyn asyr” emeli kölüniň gurluşygyny alyp göreniňde-de, nusgalyk işe göz ýetirip bolýar. Şol kölüň töwereginde ýaryşa gatnaşyjylar üçin düşelgeleriň biri gurnaldy.Geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de daşary döwletler bilen gatnaşyk etmek boýunça wajyp teklipleri öňe sürýän we olary iş ýüzünde amal etmek babatda yzygiderli çäreleri görýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde häzir ýurdumyz sebitiň möhüm ulag halkasyna, iri halkara logistika merkezine öwrülýär.

Munuň üçin halkara ölçeglerine kybap gelýän ulag düzümleri döredilýär, awtobanlar çekilýär, transmilli polat ýollar, demir ýol menzilleri, howa menzilleri gurulýar, döwrebap gämiler satyn alynýar, ýurduň içinde diňe bir sebitleri däl, eýsem, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär.

Beýik Ýüpek ýoly boýunça awtomobil ýaryşy ýaly, şeýle taslamanyň durmuşa geçirilmegi bolsa yklymyň möhüm logistik ugurlaryny jemleýän ýer hökmünde Türkmenistanyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini ilerletmegiň ýene-de bir guralydyr. ...Soňra Akhan diýen ahalteke bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli ajaýyp gyr at çylşyrymly emeli deňsiz-taýsyz ýerine ýetirmegi netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi: ol yzky aýaklarynda on metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bu täsin görnüşde ozalky rekordy täzeledi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emin Şeýda Subaşi-Gemijiniň sahna çykyp belleýşi ýaly, ozalky rekord 9,21 sekunt netije bilen Dubaýda goýuldy. Ýöne Akhan bu netijäni ep-esli gowulap, türkmen seýisleri we atşynaslary tarapyndan ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gymmatlygyny ynamly görkezdi.

Bu rekord şeýle hem milli atçylygyň ajaýyp däplerini täzeden dikeltmek, nesilden-nesle geçirmek, bu pudagy dünýä derejesine çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly howandarlyk aladasynyň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Ahalteke bedewleriniň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň örän uly hyzmaty bar.Türkmenistan häzir tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de bedew ýaryşlarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Ady rowaýata öwrülen “behişdi” atlar umumymilli baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň bezegine öwrüldi. Ýyndam bedewleriň owadanlygy we ajaýyplygy, batly barýan atyň üstünde jigitleriň ýerine ýetirýän emelleri tomaşaçylarda hemişe guwanç döredip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Türkmen jigitleri çapyp barýan atyň üstünde maşk etmek sungatynyň ähli tilsimlerini ajaýyp ele alandyklaryny görkezip, iň başarjaň, çalasyn hem-de dogumly jigitler bolmagynda galýarlar.Türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhy ahalteke bedewleri bilen baglydyr.

Bu täsin tohumdan bolan atlary ýetişdirmek başarnygy halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, sebäbi hut bu asylly işe öz gujur-gaýratyňy, zehiniňi we kalbyňy bagyş etmek bilen, tebigat bilen sazlaşykda hakyky sungat eserini döretmek mümkindir, ahalteke bedewi bolsa, munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen “Guinness World Records-yň adyndan bu ajaýyp görkezijiniň resmi taýdan ykrar edilmegi barada güwänama gowşuryldy.

Tomaşaçylar ajaýyp Akhanyň gözelligini synlamaga mümkinçilik aldylar, çünki onda behişdi bedewleriň haýran galdyryjy gözelligi hem-de olaryň ajaýyp endikleri utgaşýar.At, hakyky artist ýaly, nepislik bilen tomaşaçylara baş egdi, soňra bolsa çarpaýa galyp, özüniň rekord goýan tilsimini görkezdi.

Akhanyň haýran galdyrýan görkezijisi tötänden däldir, çünki bu ajaýyp bedewi hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi ösdürip kemala getirdi.Ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sungatynyň bilermeni bolup durýan döwlet Baştutanymyz öz bedewleriniň häsiýetlerini örän oňat bilýär hem-de olaryň her birine özboluşly çemeleşmegi başarýar.

Bedewler, öz nobatynda, öz eýesine doly ynam hem-de göwün bermek bilen jogap berýärler.Milli Liderimiz işden boş wagty ahalteke bedewleri bilen yzygiderli didarlaşýar, olara tälim berýär.Döwlet Baştutanymyz atlary seýislemegiň ajaýyp endiklerine eýe bolup, meşhur türkmen atşynaslarynyň iň gowy usullaryny özleşdirmek bilen, olary öz tejribesi bilen utgaşdyrýar.

Täze dünýä rekordlaryny gazanýan bedewlerimiziň üstünlikleri hem hut şeýle alada bilen şertlendirilendir.Emma esasy zat milli Liderimiz öz bilimini, başarnygyny we paýhasyny bedewlere bolan söýgüsi bilen bilelikde öz ogluna we agtygyna geçirip, halypaçylygyň şöhratly däplerini dowam edýär, netijede, türkmen medeniýeti öz köpdürlüligini saklap gelýär.

Ine-de, uzak garaşdyran pursat gelip ýetýär.Ajaýyp sport ýaryşy bolan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýörite baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy başlanýar.Bu ýaryş sportuň özüne çekiji bu görnüşi bolan awtomobil ýaryşlarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser sahna çagyrylýar.Olar bilelikde ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary we “Amul — Hazar 2018” ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny — içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar. Şeýlelikde, altyn baýragyň eýeleri: özleriniň “MINI” awtoulagynda ýoly hemmelerden tiz geçen ispanlar Hoan Roma we Aleks Haro, Belarusuň “MAZ” topary — sürüjisi Sergeý Wýazowiç, şturmany Pawel Garanin hem-de mehanigi Andreý Žigulin, Gazagystandan “NISSAN” awtoulagynyň topary Kirill Çernenkow we Alekseý Mun, fransuz toparlary Týerri Pitawi we Jillis Kolombe, Iwan-Pýerre we Weronika Dard dagy boldular.

Kümüş baýraklara: Çehiýadan Miroslaw Zapletal we Marek Sikora, Russiýadan “kamazyň” sürüjileri Aýrat Mardeýew, Dmitriý Swistunow we Ahmet Gilýautdinow, fransuz jübüti Herwe Dirs we Alan Brýus, gazagystanlylar Marat we Nursultan Abikaýewler, britaniýaly sürüji Garri Hant öz şturmany Wouter Rozegaar bilen mynasyp boldular.

Hormat münberiniň üçünji basgançagyna, ozal agzalyp geçilişi ýaly, türkmen toparlarynyň ikisi: sürüji Hojaguly Annamämmedow — Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň awtoulag kärhanasynyň sürüjisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Gaýgysyz Akmyradow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi, şeýle hem sürüji Guwanç Hommadow, Türkmenistanyň IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Rejepnyýaz Annaberdiýew çykdylar.

Bürünç baýrak eýeleriniň arasynda şeýle hem “KAMAZ-masteriň” wekilleri Dmitriý Sotnikow, Ruslan Ahmadeýew, Ilgiz Ahmetzýanow, fransuzlar Žan-Klod Rufýe we Jerom Bos, gollandlar Gert Žan wan der Walk hem-de Branko da Lange bar.

Sylaglary kabul etmek bilen, ýeňijiler ajaýyp ýurt bolan Türkmenistana gelmek we ençeme asyrlary başdan geçiren hem-de geljege ymtylýan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi babatda, hakykatdan-da, taryhy ähmiýete eýe bolan deňsiz-taýsyz awtomobil ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Sowgatlyk lybaslaryny alanlaryň her biri olary geýip, ýadygärlik surata düşdüler.Soňra Žan-Lui Şlesser ýolbaşçylyk edýän guramasynyň adyndan we hut öz adyndan ralliniň guralmagynda we geçirilmeginde uly goldawy we gatnaşandygy üçin, ýeňijilere gowşurylan Türkmenistan barada ýakymly we ýagşy ýatlamalar bolup galjak ajaýyp sowgatlar üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk sözleri bilen ýüzlendi. Ýöne ol ralliniň hakyky ýeňijisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdygyny aýtdy.

Bu rallini geçirmek baradaky teklip öňe sürlen wagtyndan bäri geçen birnäçe aýda onuň guramaçylaryna döwlet Baştutany tarapyndan örän uly ýardam berildi, şonuň esasynda uly netijeler gazanyldy diýip, Şlesser aýtdy.

Bu gün Awazada biz bu ýaryşlaryň netijelerini jemleýäris, ýaryşyň uly üstünliklerine beslenmegi biz üçin uly hormatdyr diýip, ol aýtdy hem-de milli Liderimize “Amul — Hazar 2018” rallisiniň hakyky ýeňijisi hökmünde “Africa Eco Race”-iň adyndan ýörite sylagy gowşurdy.

Soňra baýramçylyk konserti boldy.Onda türkmen we daşary ýurt estrada artistleri, ýurdumyzyň meşhur tans we halk döredijilik toparlary çykyş etdiler.Aýdym-sazly şüweleňini birleşen döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Amul — Hazar Arkadagyň ak ýoly” atly watançylyk edebi-aýdym-sazly kompozisiýa açdy.

Bu agşamy Watanymyza, sporta bagyşlanan aýdymlar hem-de döwrebap söýgi eserleri dowam etdi.Bu çykyşlary Türkmenistanyň esasy aýdymçylary we dogup gelýän ýyldyzlary ýerine ýetirdiler.Tomaşaçylar türk aýdymçysy Hadise Açykgöze, Russiýanyň wekilleri Igor Saruhanowa we Anželika Sultanowa, Fransiýadan bolan “Alabina” hem-de Rumyniýanyň “Morandi” aýdym-saz toparyna şowhunly el çarpdylar.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine Sportly Türkmenistan diýen aýdymy şatlykly garşyladylar.Aýdymyň sazy milli Liderimiziň agtygy Kerimgula degişli bolup, ony Güneş topary bilen bilelikde ýerine ýetirdi.Konsertiň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym ýaňlanyp, onuň sözlerini konserte gatnaşyjylar agzybirlikde alyp göterdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň jemlenmegine bagyşlanan dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.Uly feýerwerk dabaranyň jemlenmesine öwrüldi.Ol Hazaryň kenarýaka asmanyny müň dürli öwüşginler bilen bezedi.

Garagumuň içi bilen geçirilen uly ýaryş tamamlanyp, hemmelere ýatdan çykmajak duýgy täsirleri peşgeş berdi.Emma bu iri taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyndan galan täsirler geljekde hem duýular.Onsoň diňe awtomobil sportuny hem-de umuman, sport hereketini ösdürmek babatda däl-de, eýsem, ekologiýa ugurly ykdysadyýeti, “ýaşyl” ulag toplumyny kemala getirmek ýaly ugurlarda, şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda täsiri duýlar.

Beýik Ýüpek ýoly köp sanly ýaryşa gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi, olaryň köpüsi Türkmenistanyň taryhynyň görnükli ýadygärlikleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin bu ýere ýene-de gaýdyp gelmek baradaky pikirlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz dünýä belli meşhur hem-de ýurdumyzyň taryhy we arheologik desgalaryny, şeýle hem onuň tebigy gözelliklerini gurşap alýan ýoluň ugry boýunça täze syýahatçylyk ýollaryny açmagyň möhümdigini belleýär.Birwagtlar bu ýerlerden gülläp ösen şäherleriň arasynda ýaýylyp ýatan çöllerden kerwen ýollary geçen bolsa, häzir bu ýerden birinji derejeli awtoýollar we döwrebap demir ýollary geçýär.

Bularyň hemmesi tebigy gurşawa aralaşmak bilen, syýahatçylaryň günsaýyn artýan akymyna, türgenlere, žurnalistlere, işewürlere we ýurdumyzyň beýleki myhmanlaryna bir wagtyň özünde Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişini we şu gününi görkezmäge täsin mümkinçiligi peşgeş berer.

Bu ýol häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we netijeli halkara syýasaty, işjeň diplomatiýasy netijesinde gaýtadan dikeldilip, ýurtlary we halklary birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Ralliniň guramaçylary “hakyky ýeňijiniň” Berdimuhamedow bolandygyny aýtdylar
Türkmenabatda “Amul-Hazar” rallisine bagyşlanan parad boldy (foto)
19.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy
Halkara awtorallisi dünýä ýaň salar
12.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz “Amul Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi