168-nji penalti goluny geçirdi

Saud Arabystanynyň çempionatynda 7-nji tapgyryň çäginde “Al Nassr” topary myhmançylykda “Al Şabab” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýnuň soňky minutlary hasam hereketli ýagdaýda geçdi.

Oýnuň 69-njy minutynda Emerik Laport “Al Nassr” toparyny öňe çykardy. 90-njy minutda Ali Alhassanyň awtogoly bilen hasap deňlendi.Emin duşuşygyň ahyryna 13 minut goşdy we 90+7-nji minutda “Al Nassryň” peýdasynda penalti urgusy bellendi.

Ony-da dürs uran Kristiano Ronaldo toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.Duşuşygyň 90+12-nji minutynda “Al Nassr” toparyndan Mohamed Simakan gyzyl kart aldy.

Şunlukda, 39 ýaşyndaky Ronaldo çempionatda şu möwsümdäki 6-njy goluny geçirdi. Onuň karýerasyndaky gollarynyň sany 907-ä ýetdi. Şeýle-de, ol “Al Nassr” toparyndaky 19-njy penaltisini hem dürs urmagy başardy. Ronaldo karýerasy boýunça 198 penaltiniň 168-sini takyk ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
Meta işgärleriniň takmynan 10 göterimini işden çykardy
Sultan Raýew: Türkmenistanda milli senede tüýs ýürekden sarpa goýulýar
ABŞ resmisi Aşgabatda söz azatlygyny “ykdysady ösüşiň daýanjy” atlandyrdy
ABŞ we Türkmenistan emeli aňdan başlap, medeni mirasa çenli hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň 5-sine gol çekilmegine beslendi