“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi

Saud Arabystanynyň “Al Nassr” topary UEFA Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi “Mançester Sitiniň” ispaniýaly goragçysy Emerik Laporty 30 million ýewro transfer etdi. Er-Riýad şäheriniň kluby 29 ýaşyndaky oýunçy bilen 3 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi. Ispaniýaly oýunçy täze klubunda 27-nji belgili köýnekçäni geýer.

Laport 2018-nji ýylyň ýanwarynda “Mançester Siti” toparyna transfer bolupdy. Ol bu klubda 5,5 möwsüm çykyş edip, 180 gezek şäherlileriň düzüminde oýnady. Laport şol 5,5 möwsümde “Mançester Sitide” 13 kubogy asmana göterdi.

Karýerasyna “Biskoniýa” klubunda başlan Laport soňlugy bilen “Atletik Bilbaoda” 5 möwsüm oýnady. Onuň Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilenem 22 duşuşygy bar.

2 gün “Portodan” Otawiony hem transfer eden “Al Nassr” topary Sadio Mane, Seko Fofana, Aleks Telles, Marselo Brozowiç ýaly oýunçylary hem şu tomusda kluba goşdy. “Al Nassr” ýanwarda-da super ýyldyz Kristiano Ronaldony transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

“Wilýarreal” 1-nji, “Mançester Ýunaýted” 2-nji gezek finalda
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Hawi möwsümiň ahyrynda Barselonadan gider
“Barselonanyň” 31-nji, Messiniň 35-nji kubogy
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär