“Barselona” Messiniň ýubileý duşuşygynda ýeňildi

Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň ýarym finalynyň 1-nji oýnunda “Barselona” topary myhmançylykda “Sewilýadan” 20 asgyn geldi. Andalusiýalylara ýeňiş getiren gollary Kunde (25) bilen geçen möwsümde “Barselonada” çykyş eden Iwan Rakitiç (85) derwezä girizdi. Jogap oýny 3-nji martda “Kamp Nouda” oýnalar.

Bu duşuşyk Lionel Messiniň karýerasyndaky 900-nji oýny hökmünde hasaba alyndy. Ol “Barselonada” 758, Argentinanyň ýygyndysynda-da 142 duşuşyk geçirdi.

Ispaniýanyň Şa Kubogynda ýarym finalyň beýleki oýny şu gije “Atletik Bilbao” bilen “Lewanteniň” arasynda oýnalar.

The post “Barselona” Messiniň ýubileý duşuşygynda ýeňildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Barselona bilen Mançester Ýunaýtediň arasyndaky deslapky oýun deň gutardy
Ispaniýa we Portugaliýa DÇ 2030 üçin stadionlary bellediler
Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Barselonanyň” taryhy ýeňşi