“Barselona” soňky demde finala çykdy

Ispaniýanyň Şa Kubogynda ilkinji finalçy “Barselona” boldy.Birinji duşuşykda 2-0 utulan “Barselona” öz meýdançasynda “Sewilýany” kynlyk bilenem bolsa, 3-0 hasabynda ýeňmegi başardy. 12-nji minutda Dembeleniň goly bilen öňe saýlana “Barselonanyň” derwezeçisi 73-nji minutda Okamposyň penalti urgusyny sowmagyň hötdesinden geldi.

Hüjümlerini ýygjamlaşdyran Barselona 90+4-nji minutda iki oýnuň netijesi boýunça hasaby deňlemegi başardy.Bu goly Žerar Pike öz adyna ýazdyrdy. 90+2-nji minutda 1 oýunçy (Fernande Reges) kem galan “Sewilýa” goşmaça wagtda 10 oýunçy bolup oýnady. 95-nji minutda-da Breýtwaýt 3-nji goly andalusiýalylaryň derwezesinden girizdi.

Bu oýundaky soňky gol boldy we “Barselona” 2 oýnuň netijesi boýunça 3-2 öňe saýlanyp finalda oýnamaga hukuk gazandy.Soňky 10 ýylda 9-njy, umumylykda-da 41-nji gezek finala çykan “Barselona” Ispaniýanyň Şa Kubogyny iň köp eýelän topardyr (30). “Barselonanyň” finaldaky garşydaşy şu gijeki “Lewante”“Atletik Bilbao” duşuşygyndan soň belli bolar.

Bilbaoda oýnalan birinji oýun 1-1 deňlikde tamamlanypdy.

The post “Barselona” soňky demde finala çykdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Barselonanyň” taryhy ýeňşi
Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar
“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi
Türkmenistan: Sport bu hepde 12 futbol duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
“Barselona” Messiniň ýubileý duşuşygynda ýeňildi
Hawi möwsümiň ahyrynda Barselonadan gider