“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi

Ispaniýanyň çempionaty La Ligada 2-nji tapgyrda öňdebaryjylar Real Madrid bilen Barselona öz garşydaşlary bilen deňme-deň oýnap, täze möwsümdäki ilkinji utuklaryny ýitirdiler. Şenbe günki oýunda Barselona myhmançylykda Atletik Bilbao bilen duşuşdy.

Oýunda ýer eýeleri 50-nji minutda Inigo Martinesiň goly bilen öňe saýlandy.Barselona bolsa 75-nji minutda Memfis Depaýyň owadan goly bilen hasaby deňledi.Duşuşygyň ahyrynda Barselonadan Erik Garsiýa gyzyl kart aldy.

Myhmançylykda Walensiýa şäheriniň Lewante topary bilen duşuşan Real Madrid 3-3 deňme-deň oýnady. 5-nji minutda Garet Beýliň goly bilen madridliler öňe saýlansa-da, 2-nji ýaryma Rojeriň goly bilen başlan ýer eýeleri 57-nji minutda Kampanýa Lewanteni öňe çykardy. 73-nji minutda Winisius Junior hasaby deňledi. 79-njy minutda Rober Pieriň goly bilen Lewante öňe çyksa-da, 85-nji minutda Junior Winisius oýna soňky nokady goýýar. 87-nji minutda ýer eýeleriniň derwezeçisi Fernandes gyzyl kart alyp meýdançadan çykýar. Şeýlelikde, Barselonadan soň Real Madrid hem 2-nji tapgyrda ilkinji utuklaryny ýitirýär.

Çempion Atletiko Madrid öz meýdançasynda Elçeni Anhel Korreanyň 39-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňip, 2-nji tapgyrda-da 3 utuk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: Sport bu hepde 12 futbol duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar
“Barselonanyň” taryhy ýeňşi
“Barselona” soňky demde finala çykdy
“Barselona” Messiniň ýubileý duşuşygynda ýeňildi
“Barselona” ýeňillik, “Real Madrid” kynlyk bilen çärýek finala çykdy