Ispaniýa we Portugaliýa DÇ 2030 üçin stadionlary bellediler

Ispaniýa we Portugaliýa DÇ  2030 üçin stadionlary bellediler

Ispaniýa bilen Portugaliýa 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin bilelikdäki arzany tabşyrmakçy bolýar. Iki ýurtdan 14 stadion hödürlener diýip, championat.com belleýär.

Ýaryş üçin Ispaniýanyň futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge hukugy bolan 14 meýdançasy bar.Ispaniýanyň esasy ýurt hökmünde çykyş edýändigi, Portugaliýadan bolsa meýilleşdirilen 14 stadiondan üçüsiniň boljakdygy bellärliklidir. Ýagny, Lissabondan iki meýdança we Portudan hem biri bolar diýip, “Marca” habar berýär.

Portugaliýa “Da Luş”, “Dragau” we “Žoze Alwalade” stadionlaryny hödürleýär.Ispaniýa arza üçin “Santýago Bernabeu”, “Wanda Metropolitano”, “Kamp Nou”, “Kornelýa”, “La Kartuha”, “San Mames”, “Mestalýa”, “Riazor”, “El Molinon”, “La Romareda”, “Reale Arena”, “La-Rosaleda”, “Gran-Kanariýa” we “La-Kondomina” stadionlaryny göz öňünde tutýar. Şeýle-de, Ispaniýada Madrid, Barselona, Sewilýa, Malaga, Bilbao, La-Korunýa, Hihon, Walensiýa, Saragosa, Las-Palmas, Mursiýa we San-Sebastýan şäherleri dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmäge isleg bildirdi.

Ilkinji iki şäher iki stadiondan hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

Dikeldişi üpjün etmäge çagyrýar
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi
Baýden Bilen Jonson Kornuolda Duşuşdy
Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler
Uly ýedilik mätäçlik çekýän ýurtlar bilen sanjymlary paýlaşar