G7 sammiti tamamlandy: esasy mesele daşky gurşawy goramak

/* custom css */ .td_uid_19_60c7efbfd60e2_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c7efbfd60e2_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Beýik Britaniýanyň Kornuoll graflygyndaky Karbis-Beý şäherçesinde geçirilen G7 ýurtlarynyň sammiti tamamlandy.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň toparyna Birleşen Patyşalyk, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ girýär. Ýokary derejeli ýygnaga bu ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdy.ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynyň çäklerinde bu sammite gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýygnaklarda esasy mesele koronawirus pandemiýasy, daşky gurşaw we energiýa boldy.

Topara agza ýurtlar koronawirusa garşy sanjymyň has köp ýurda ýaýradylmagyna goşant goşmak meselesinde hem ylalaşdylar.Sammitiň ahyrynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem-de Birleşen Patyşalygyň hökümet başlygy Boris Jonson ösüp barýan ýurtlara bir milliarddan gowrak sanjym iberjekdiklerini mälim etdiler. “Ýaşyl guşak we ýol” Şeýle hem sammitde howanyň özgermegine garşy göreşmek maksady bilen “Ýaşyl guşak we ýol” taslamasyny durmuşa geçirmek babatda ylalaşylandygy mälim edildi.

Bu taslamanyň çäklerinde ösüp barýan ýurtlara infrastrukturalaryny gurmak we gowulandyrmak üçin maliýe goldawy berler.

Ýene degişli makalalar

Dikeldişi üpjün etmäge çagyrýar
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi
Baýden Bilen Jonson Kornuolda Duşuşdy
Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler
Uly ýedilik mätäçlik çekýän ýurtlar bilen sanjymlary paýlaşar