Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler

Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson G7-ä girýän ýurtlaryň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýoksul ýurtlara jemi 1 milliard doza koronawirus sanjymyny bermegi meýilleşdirýändigini beýan etdi.

Britaniýanyň hökümetinden berilen beýannamada: “Britaniýanyň sanjym maksatnamasynyň üstünliginiň netijesinde artykmaç sanjymlarymyzy isleg bildirýän ýurtlara bereris. Ol pandemiýany doly ýeňmek üçin möhüm başlangyç bolar” diýilýär.

Beýannamada Jonsonyň G7-niň liderleriniň ýoksul ýurtlara jemi 1 milliard doza koronawirus sanjymyny bermegine garaşýandygy nygtaldy.

Britaniýanyň birinji tapgyrda artykmaç bolan 100 million doza Kovid-19 sanjymyny berjekdigi habar berildi.

G7-ä girýän ýurtlaryň liderleri pandemiýanyň başlamagyndan bäri ilkinji gezek Galleriň Kornwalldaky Karbis aýlagynda şu gün öz işine başlan we 13-nji iýuna çenli dowam etjek sammitde duşuşdylar.

Sammitde dowam edýän pandemiýa, global geosyýasy howplar we howa çalşygy ýaly möhüm meseleler seljeriler.

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň başlyklyk edýän sammitine Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýuda, Fransiýanyň Prezidenti Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel, Italiýanyň Premýer-ministri Dragi, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga, ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, ÝB Komissiýasynyň Başlygy Leýen we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Mişel gatnaşýar.

Sammite Awsstraliýanyň Premýer-ministri Skott Morrison, Koreýa Respubližasynyň Prezidenti Mun Jin, Günorta Afrikanyň Prezidenti Ramaphosa we Hindistanyň Premýer-ministri Modi myhman ýurtlaryň liderleri hökmünde çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýa Uly Barýer merjen gaýalaryny goramaga 700 million dollar bölüp bermekçi
Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar
Dünýä Ýurtlary Russiýa Sanksiýalaryny Giňeldýär
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary