“Marvel”-iň täze filminde ýaş aktrisa surata düşer

“Hollywood”-yň ýaş aktrisalaryndan Sidni Swini hem “Marvel” älemine aralaşýar.Ol “Marvel” komiksleriniň belli gahrymanlaryndan Madame Web baradaky adybir filmde Julia Karpenteriň keşbini janlandyrar. “Marvel” bilen “Sony” kompaniýalarynyň bilelikdäki önüminde baş keşbi Kassandra Webbiň keşbini tanymal aktrisa Dakota Jonsonyň janlandyrjakdygy ozal habar berlipdi.

Filmde Adam Skott, Emma Roberts, Seleste O’Konnor, Isabela Mersed, Tahar Rahim hem-de Maýk Epps ýaly artistler hem surata düşer.Britaniýaly zenan režissýor S.J.Klarkson tarapyndan surata düşürilýän filmiň geljek ýylyň fewralynda ekranlara çykmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
"Ar alyjylar" ekranlara gaýdyp geler
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy
Awatar ýene-de taryhda iň köp girdeji gazanan film boldy