Awatar ýene-de taryhda iň köp girdeji gazanan film boldy

Awatar ýene-de taryhda iň köp girdeji gazanan film boldy

“Awatar” ýene-de kino taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Anna güni Jeýms Kemeronyň filmi Hytaýda gaýtadan prokata çykdy we şenbe güni agşam 8,9 million dollar gazanyp, dünýädäki umumy girdejisini 2,798,579,794 dollara ýetirdi. Bu barada kinopoisk.ru habar berdi.

Ozal bu rekord "Ar alyjylar" filminiň dördünji bölümine degişlidi. 2019-njy ýylda "Marvel"-iň blokbasteri dünýäde 2,797,501,328 dollar gazandy. "Deadline" “Awatar”-yň şu ýyl hepdäniň ahyrynda Hytaý prokatynda sanawyň başyny çeken ilkinji daşary ýurt filmi bolandygyny habar berdi.

Umuman alanyňda, gaýtadan goýberilen reliz "Disneýe" 58 million dollar töweregi girdeji getirip biler.Kameron häzirki wagtda dört sikwel meýilleşdirýär: “Awatar 2” 2022-nji ýylda, “Awatar 3” 2024-nji ýylda, “Awatar 4” 2026-njy ýylda, “Awatar 5” 2028-nji ýylda çykar.

Ýene degişli makalalar

"Ar alyjylar" ekranlara gaýdyp geler
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy
Şol bir kino 191 gezek tomaşa eden muşdak Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Režissýor Stiwen Spilberg Marvel-de iň gowy görýän filmi hakynda aýtdy
"MTV Movie & TV Awards" kino baýraklaryna esasy dalaşgärler belli boldy
Özüňden öneniň bary özüňki…