"MTV Movie & TV Awards" kino baýraklaryna esasy dalaşgärler belli boldy

"MTV Movie & TV Awards" kino baýraklaryna esasy dalaşgärler belli boldy

"MTV Movie & TV Awards" baýraklaryna şu ýylyň esasy dalaşgärleri belli boldy. Dalaşgärleriň sanawynyň başynda "Marvel" kinostudiýasyndan "Wanda/Wižn" (Wanda/Vision) (5 baýrak almaga mümkinçiligi bar) seriýaly, şeýle hem "Borat 2" filmi (üç baýrak ugrunda dalaş eder) ýerleşdi.

"Wanda/Wižn" serialy super gahrymanlar Wanda bilen Wižniň maşgala durmuşyndan söz açýar. Gahrymanlaryň ikisi-de juda uly güýje eýe, ýöne olar ýönekeý adamlaryň arasynda adaty durmuşda ýaşamaga synanyşýarlar. Serial täsin gahrymanlar, wakalaryň garaşylmadyk öwrümleri bilen ýatda galýar. "Borat 2" filmi bolsa gazagystanly Borat atly şowsuz žurnalist hakyndaky komediýanyň dowamy bolup durýar.

Mundan başga-da, “Disney +” striming hyzmatynda çykan "Mandalorly" (“Mandalorian”) seriýaly üç ugur boýunça baýraga dalaş eder.

"Iň oňat doly metražly film taslamasy" boýunça baýraga "Borat 2", "Umyt döredýän zenan" ("Promising Young Woman"), "Ruh" ("Soul") , "Iuda we Gara Mesiýa" ("Judas and the Black Messiah") we "Ähli oglanlara: Söýgi bilen..." ("To All the Boys: Always and Forever") filmleri dalaşgärlige hödürlenýär.

"Iň oňat teleýaýlym şüweleňi" ugry boýunça "Wanda/Wižn", "Bridjertonlar" ("Bridgertons"), "Kobra Kaý" ("Cobra Kai"), "Emili Parižde" ("Emily in Paris") we "Oglanlar" ("The boys") dalaşgär görkezilýär.

Dürli kategoriýalar boýunça ýeňijileri tomaşaçylaryň saýlaýandyklaryny bellemek gerek. Baýrak eýeleri 2021-nji ýylyň 16-njy maýynda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi, Türkmenistan we BMG özara hyzmatdaşlyk boýunça 26 resminama gol çekdiler, Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde degişli 37 sany desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Aktýor Joş Brolin Betmeniň keşbini arzuw edendigini gürrüň berdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
2025-nji ýylyň model gyzy