Özüňden öneniň bary özüňki…

Özüňden öneniň bary özüňki…

Şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi.Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze, döwrebap ýyladyşhanalar umumylykda 35 gektara barabar meýdanda ýerleşip, olar bir ýylyň dowamynda gök önümleriň 8 müň 750 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň bolsa 140 ýyllyk taryhy toýlary toýlanylýan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Oguz ýol hojalyk jemgyýetine degişli.

Ol 8 gektar meýdanda ýerleşip, bir ýylyň dowamynda pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly gök-bakja önümleriniň 2 müň tonnasyny öndürmäge ukyply.Döwrebap ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen 90-a golaý täze iş orunlarynyň döredilendigini bellemeli.

Umumylykda alnanda bolsa, ýurdumyz boýunça birbada 6 sany täze ýyladyşhananyň açylmagy bilen, jemi 400-e golaý täze iş orunlarynyň dörediljekdigini milli Liderimiz açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi. Şol iş orunlarynda işlejekleriň aglabasy ýaşlardan ybarat.

Munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ykdysadyýetiň esasy öndüriji güýji hasaplanylýan ýaşlary iş orunlary bilen üpjün etmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýändigini subut edýär.

Täze ýyladyşhanada önümçilik öňdebaryjy iş usullary esasynda guralýar. Olarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işleriň gidişine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge, bellenilen wezipeleriň çalt hem netijeli ýerine ýetirilmegini gazanmaga mümkinçilik berýär. Suwy tygşytlaýjy ulgamlardan peýdalanylmagy bolsa her damjasy eşrepi dek görülýän bu gymmatly baýlygy asla isrip etmezlige, netijede, ýyladyşhananyň howasynyň çyglylyk derejesini hemişe kadaly ýagdaýynda saklamaga ýardam edýär.

— Hojalyk jemgyýetimiziň ýyladyşhana bölüminde jemi 149 işçi-hünärmen zähmet çekýär. Şolardan 114-siniň zenanlardygyny aýratyn belläsim gelýär.Bol hasyl ýetişdirmekde olaryň hyzmaty örän uly. Çünki olar ýyladyşhana şertlerinde pomidorlary ýygmak, dolamak, ýaprak toplamak, öserleri aýyrmak, ýatyrmak ýaly esasy möwsümleýin işlerde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Topar ýolbaşçysy Güljan Täjiýewa, pomidorlary dolamak, goşmaça öserleri aýyrmak işlerini alyp barýan Güljeren Ezizowa, pudamak boýunça işçi Gülbahar Orazgeldiýewa, hoşa berkidiji Enejan Begliýewa, pomidor ýygyjylar Ogulgerek Annamyradowa, Şirin Haýdarowa dagy has tapawutlanyp işleýärler.

Pomidoryň Marvelance görnüşini ekýäris.Bulgar burçudyr hyýar bolsa Gollandiýadan getirilen tohumlardan ösdürilip ýetişdirilýär.Kokos gabygyna ekilen pomidorlara awtomatlaşdyrylan usulda, damjalaýyn Agro Flow suwlama enjamy bilen mineral dökünler berilýär. Öndürilen önümler içerki bazarlarymyzdan daşary, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalary ýaly döwletlere hem eksport edilýär.

Bize telekeçilik işi bilen meşgullanmaga, önümçiligi has-da giňeltmäge şeýle döwrebap şertleri döredip berip, hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys — diýip, Oguz ýol hojalyk jemgyýetiniň uly hünärmeni, agronom Bazar Annamyradow gürrüň berýär.

Hawa, ýyladyşhana şertlerinde bol gök-bakja ekinlerini, şol sanda pomidor hasylyny ýetişdirmekde işçi-hünärmenleriň aglabasynyň zenanlar bolmagy tötänden däldir.Ilkinji nobatda: Gök-bakja önümleri bilen iň köp iş salyşýanlar kimler?

diýlen sowal berilse, gürrüňsiz: Elbetde, zenanlar diýlip jogap beriljekdigi ikuçsuz. Çünki häzirki ýaly ösen tehnologiýalaryň, gaýtadan işleýän önümçilikleriň ýok döwürlerinde hem ene-mamalarymyz ata-babalarymyzyň der döküp ýetişdiren gök-bakja önümlerinden mürepbelerdir goýultmalary, işdäaçarlary, kakdyr kişdeleri, pomidordyr hyýaryň duza ýatyrylan görnüşlerini, umuman, gyşa niýetlenen dürli huruşlyk, azyklyk önümleri taýýarlapdyrlar. Şeýle sazlaşykly zähmetiň netijesinde hem, halk paýhasynda Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz diýen atalar sözi döräpdir.

Ýene bir bellemeli zat, ekin diýeniň hem özüne nähili çemeleşilýändigini duýup bilýär. Çünki ol hem janly tebigatyň bir wekili ahyry!Aýdylyşy ýaly, mal eýesiniň gözünden suw içýän bolsa, ekin hem özüne edilýän idege görä bolup, eýesi bilen dilsiz-agyzsyz sözleşip bilýär. Ýyladyşhana şertlerinde ekin ekip, ondan ýylyň islendik döwründe hasyl almagyň hem özboluşly talaplary bar.

Açyk meýdanyň öz ugruna emin-erkin ösüp oturan ekini bolmansoň, sähel gödek ýa ýalňyş hereket etdigiň, şol bir düýpden aljak hasylyň kemelibem bilýär. Şonuň üçin ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň ynjyklygyny, aýratyn zähmeti, eýeçilik gözi bilen seredilmegini talap edýändigini nazarda tutup, ylmy taýdan ykrar edilen usullar esasynda, örän seresaply, oýlanyşykly çemeleşmeli bolýar.

Oba hojalyk işlerini hem edil çeper sungat derejesinde ýerine ýetirip bilýän zenanlarymyz bolsa muny kemsiz başarýarlar.

Bir gezek şäherde ýaşaýan, köpügören ýaşulularyň biri şeýle gürrüň berdi:

— Biziň oglanlyk döwürlerimiz her ýyl tomus paslynyň gelerine howlugardyk.Tomusky dynç alyş möwsümi başlandygy, obada ýaşaýan garyndaşlarymyzyňka eňerdik. Çogly güneşiň astynda akar ýapda suwa düşmegiň, bedreleri dolduryp, kemsiz bişen gyp-gyzyl pomidorlary ýygmagyň lezzeti bir başgady.

Olaryň arasynda goşa biten, her dürli şekildäki pomidorlaram bolardy. Şonda öz tapan şeýle üýtgeşik pomidorlarymyzy biri-birimize görkezip begenişerdik.Ol döwürler häzirki ýaly ýyladyşhanalar ýokdy.Pomidordyr beýleki gök-bakja önümleri diňe tomus paslynda bol bolardy.

Sowuk uransoň, bişip ýetişmedik pomidorlar pazyly bilen bilelikde ýörite jaýyň içinden asylyp goýlup, gyş üçin hem saklanardy. Şol pomidorlar jaýyň ýylylyk derejesine görä durup-durup gyzarardy, ýöne olar hem wagty bilen sowlardy.

Onsoň, ýene täze hasyla garaşmaly bolýardy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamy düýpli özgerdi.Indi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurulýan döwrebap ýyladyşhanalaryň sany yzygiderli artýar.Hususyýetçilige giň ýol açylyp, türkmen telekeçileri oba hojalyk ugurly önümçiliklerde-de öwgä mynasyp işleri bitirýärler.

Olar indi pomidor kişdesiniň önümçiligini ýola goýmak ýaly täze-täze tejribeleri özleşdirýärler. Ýylyň islendik döwründe ak bazarlarymyzdan gök-bakja önümlerini näçe diýseň tapyp bolýar. Özüňden öneniň bary özüňki-dä, özüňe geregini-hä peýdalanarsyň, artykmajynam gereklänlere satyp, girdeji gazanarsyň.

Bu diňe bir daýhan babatda-da, uly ýurt derejesinde alnanda-da şeýle.Ine, muňa Garaşsyzlygyň gudraty diýilýär!Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet adam üçindir!diýen ynsanperwerlige ýugrulan baş ýörelgesiniň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işlerdäki aýdyň beýany diýilýär! Şeýle beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize halkymyz hemişe alkyş aýdýar.

Hawa, ýaşuly örän mamla. Özüňden önen zadyň haýry başgaça bolýar. Isle peýdalan, sarp et, isle-de satyp, girdeji gazan, nep-nesibesi özüň bilendir! Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň, häzirki zaman täze tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagy bolsa özümizden önýän önümleriň hatarynyň has-da artmagyna ýardam edýär.

Aýmyrat PIRJIKOW,

žurnalist.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26862

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy