Marvel kinoäleminiň floridaly muşdagy şol bir filme tomaşa etmegiň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, kinonews.ru habar berýär. Ginnesiň rekordlar kitabyndaky ýazgynyň delillendirmegine görä, Ramiro Alanis Ar alyjylar 4: Final filmine 191 gezek tomaşa edipdir.
Rekordyň eýesiniň aýtmagyna görä, onuň üçin Kapitan Amerikanyň keşbi has ýakyn.Bu gahryman meniň üçin köp gymmatlyklary özünde jemleýär: dogruçyllyk, hoşniýetlilik, özgeler barada alada etmek diýip, ol belledi. Şeýle netijäni gazanmak pikiri Ramiro ýutubçy NemRapsyň başga bir Marvel filmini Ar alyjylar 3: Soňsuzlyk urşy görmekde rekord goýandygyny görende geldi. Ýatlap geçsek, Ar alyjylar 4 filmi 2019-njy ýylda prokata çykdy we birnäçe absolýut rekordlaryny goýdy.
Bir dynç gününiň dowamynda kartina 1,2 milliard dollardan gowrak gazanmagy başardy. Şeýle-de, bu öý prokatynda birinji dynç günleri 300 million dollar ýygnan ilkinji film boldy.Mundan başga-da, Ar alyjylar 4 IMAX torunda hem gowy başlangyjy 91 million dollar we prokata çykmazyndan öňki gün gowy girdeji ýygymyny 60 million dollar görkezdi.
Film birnäçe abraýly baýraklara eýe bolup, soňky iki ýylda taryhda iň girdejili film boldy.
