Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi

Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Kornuoll etrabynda geçiriljek G7 maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Beýik Britaniýa gitdi.

Uçary Saffolk şäherindäki Mildenholl harby bazasyna gonan Baýden, ol ýerde ABŞ-nyň Harby-howa güýçlerinde gulluk wezipelerini berjaý edýän harbylara we olaryň maşgalalaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny guraýan Jo Baden, Ýewropada sapar gurajak ähli ýerinde ABŞ-nyň yza gaýdyp gelendigini we dünýä demokratiýasynyň iň kyn we gelejekleri üçin möhüm meseleleriň hötdesinden gelmek ugrunda bilelikde hereket etjekdigini açyk ýagdaýda aýtjakdygyny habar berdi.

Jo Baýden saparynyň çäginde Russiýanyň lideri Putin bilen hem duşuşyk geçirjekdigini belläp, ABŞ-nyň Russiýa bilen dartgynlyk islemeýändigini, durnukly, öňünden çak edilýän bir gatnaşyk isleýändigini beýan etdi.

Baýden: "Emma Russiýanyň hökümetiniň zyýanly hereketler eden halatynda Waşingtonyň berk we manyly jogap berjekdigi barada anyk ýüzlenme berdim we ony şonsyz hem görkezdik. ABŞ, Ýewropada we başga ýerlerde demokratiýanyň özygtyýarlylygynyň düzgünini bozmagyň netijesiniň boljakdygyny özüne ýetirerin" diýip belledi.

Jo Baýden Ýewropa syýahadynyň ilkinji duralgasynda şu gün Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, 13-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta bilen duşuşyk geçirer.

Ondan soň Belgiýanyň paýtagty Brýussele geçjek Jo Baýden, 14-nji iýunda geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşar. ABŞ-nyň Prezidenti Belgiýada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirer.

Jo Baýden 15-nji iýunda bolsa Brýusselde ABŞ-ÝB maslahatyna gatnaşar we 16-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirer.

Ýene degişli makalalar

Dikeldişi üpjün etmäge çagyrýar
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Baýden Bilen Jonson Kornuolda Duşuşdy
Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler
Uly ýedilik mätäçlik çekýän ýurtlar bilen sanjymlary paýlaşar
G7 sammiti tamamlandy: esasy mesele daşky gurşawy goramak