Üç şäher Ýewro-2020 oýunlaryny geçirmek hukugyny ýitirip biler

Üç şäher Ýewro-2020 oýunlaryny geçirmek hukugyny ýitirip biler

Bilbao, Dublin we Glazgo 2020-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň oýunlaryny geçirmek hukugyny ýitirip biler. Associated Press agentliginiň maglumatyna görä, zerur mukdarda tomaşaçylaryň stadionlara goýberilmegine kepillik berilmese, UEFA bu üç şäheri turniriň oýunlaryny geçirmekden mahrum edip biler. Muny bombardir.ru ýetirýär.

Şeýle ýagdaýda Glazgodan we Dublinden sekiz oýun Angliýa geçiriler. Ýurtda sanjym işjeň ýagdaýda alnyp barylýar we janköýerleri stadionlara goýbermegiň meýilnamalary eýýäm yglan edildi. Bilbaodaky oýunlar Ispaniýanyň beýleki şäherlerinde geçip biler. Ýanwar aýynyň ahyrynda UEFA-nyň metbugat gullugy janköýerleri kabul etmegiň mümkin bolan dört ssenariýasynyň üstünde işleýändigini ýazdy: doly münberler, 50-100% doly, 20-30% doly we tomaşaçylarsyz oýunlar.

Meýilnama görä, iýun aýyna çenli Ýewro oýunlaryny geçirýän meýdançalar azyndan 50% doly bolmaly. Turniriň gutarnykly formaty aprel aýynda yglan ediler, şonuň üçin UEFA gatnaşyjy şäherlerden hereket meýilnamasyny talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26- maslahatynyň esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021-NJI ÝYLDA GEÇIRILEN BMG-NIŇ COP-26- MASLAHATYNYŇ ESASY NETIJELERINE HEM-DE GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Aşgabatda BMG-niň COP-26 maslahatynyň netijelerine bagyşlanan onlaýn maslahat geçirildi
52-nji gezek finala çykdy
“Aýntraht” 42, “Reýnjers” 14 ýyldan soň finalda
Aşgabatda daşky gurşawy goramak boýunça halkara konferensiýa geçirilýär