52-nji gezek finala çykdy

Şotlandiýanyň Kubogy ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. “Hampden Park” stadionynda oýnalan ýarym finalda “Harts” (Hart of Midlotian) topary “Hibernian” toparyndan 2-1 üstün çykyp (Simms 16, Kingsli 21 Kadden 22), 17-nji gezek finala çykdy.

Onuň finaldaky garşydaşy “Reýnjers” bolup, Wan Bronkhorstyň şägirtleri “Old Film” derbisinde “Seltik” toparyny goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda 64-nji minutda “Seltik” Teýloryň goly bilen öňe saýlandy. 78-nji minutda “Reýnjers” Arfildiň goly bilen hasaby deňlemegi başardy.

Goşmaça berlen 30 minutyň tamamlanmagyna 6 minut galanda-da, has takygy, 114-nji minutda Starfeltiň ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçiren goly esasynda “Reýnjers” ýeňşini baýram etdi. 6 ýyldan soň finala çykan “Reýnjers” topary kubogy soňky gezek 2009-njy ýylda eýeläpdi. “Reýnjers” topary 52-nji gezek finala çykyp, olar şolaryň 33-sinde ýeňiş gazandy. Şotlandiýanyň Kubogyny 40 gezek eýelän “Seltik” öňde barýar.

“Harts” bilen “Reýnjersiň” arasyndaky final 21-nji maýda Glazgodaky “Hampden” Park stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Aýntraht UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy
42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
Şu gün Stambulda Çempionlar Ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli