ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi

ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi

25-nji awgustda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde ýerleşýän UEFA-nyň ştab-kwartirasynda Ýewropa çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi.Bije çekilşigiň netijelerine görä, Germaniýanyň Bawariýa, Ispaniýanyň Barselona we Italiýanyň Inter toparlary bir toparçadan ýer aldylar.

Möwsümdäki iň dartgynly toparça hasaplanýan şol kwartetiň dördünji wekili Çehiýanyň Wiktoriýa Plzen topary boldy. Şeýle-de toparçalaýyn tapgyrda futbol muşdaklary Milan-Çelsi, PSŽ-Ýuwentus, Mançester Siti-Borussiýa (Dortmund) ýaly birnäçe gyzgalaňly oýunlara tomaşa edip bilerler.

Aşakda ÝÇL-iň toparçalarynyň doly görnüşini siziň dykgatyňyza ýetirýäris:

A toparça: Aýaks, Liwerpul, Napoli, Reýnjers;

B toparça: Portu, Atletiko, Baýer, Brýugge;

C toparça: Bawariýa, Barselona, Inter, Wiktoriýa;

D toparça: Aýntraht, Tottenhem, Sporting, Marsel;

E toparça: Milan, Çelsi, Zalsburg, Dinamo (Zagreb);

F toparça: Real, Leýpsig, Şahtýor, Seltik;

G toparça: Mançester Siti, Sewilýa, Borussiýa (Dortmund), Kopengagen;

H toparça PSŽ, Ýuwentus, Benfika, Makkabi.

ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyry 6-7-nji sentýabr günleri badalga alar. Möwsümiň finaly bolsa 2023-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Çempionlar ligasynyň 4-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri
Belgiýanyň Brýuggesi taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy
Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy
Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi