Belgiýanyň Brýuggesi taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

Belgiýanyň Brýuggesi taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Tapgyryň ilkinji gününde E, F, G we H toparçalarynda, ikinji gününde bolsa A. B, C we D toparçalarynda duşuşyklar geçirildi.

A toparçasyndan Napoli Aýaksy ýeňdi. Duşuşygyň esasy aýratynlygy Kwarasheliýanyň bir gol geçirip, bir goluň assistini bermegidir. Liwerpul Şotlandiýanyň Reýnjersiniň derwezesine 7 pökgi geçirdi. Bu duşuşykda Muhammet Salah ÝÇL-niň taryhynda iň irki het-trigi amala aşyrdy.

B toparçada Madridiň Atletikosy bilen deňme-deň oýnan Brýugge taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy.

Italiýanyň Interini kabul eden Barselona utulyşdan Lewandowskiniň ahyrky sekuntlarda geçiren goly bilen halas boldy.

4-nji tapgyryň ikinji oýun gününiň ähli netijelerini paýlaşýarys:

Napoli Aýaks 4:2;

Reýnjers Liwerpul 1:7;

Atletiko Brýugge 0:0;

Baýer Portu 0:3;

Barselona Inter 3:3;

Wiktoriýa Plzen Bawariýa 2:4;

Sporting Marsel 0:2;

Tottenhem Aýntraht 3:2.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar ligasynyň 4-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri
Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynyň ikinji gününiň duşuşyklary geçirildi
Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...
ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy