UEFA Ýewropa Ligasynda finala çykan toparlar belli bolup, Germaniýanyň “Aýntraht” topary bilen Şotlandiýanyň “Reýnjers” klublary finalda duşuşarlar.Olaryň birinjisi “West Hamy” öz meýdançasynda ýeňmegi başardy. 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan nemes klubunyň ýeke-täk goluny 26-njy minut Borrie derwezä girizdi.
Duşuşygyň 17-nji minutynda “West Hamyň” oýunçysy Kresswell gyzyl kart alyp, toparyny 1 oýunçy oýnamaga mejbur etdi.Bir hepde ozal oýnalan 1-nji duşuşykda “Aýntraht” myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. “Aýntraht” topary 42 ýyldan soň Ýewrokuboklarda finala çykmagy başardy. 3-nji gezek finala adyny ýazdyran frankfurtlylar soňky sapar 1980-nji ýylda UEFA Kubogyny eýeläp, UEFA-daky ilkinji çempionlygyny gazanypdy. Şonda finalda “Aýntraht” Germaniýanyň başga bir kluby “Borussiýa M” toparyndan myhmançylykda 3-2 utulsa-da, öz meýdançasynda 1-0 ýeňipdi.
Beýleki finalçy “Reýnjers” bolsa myhmançylykda utulan garşydaşy “Leipsigi” Şotlandiýada 3-1 hasabynda ýeňdi.Glazgolylaryň gollaryny Tawernier (19), Kamara (24) hem-de Lundstram (81) geçirdi.Nemes klubunyň adyndan Nkunku tapawutlandy. “Reýnjers” topary 14 ýyldan soň UEFA-nyň ýaryşlaryndan finala çykyp, olar soňky sapar 2008-nji ýylda UEFA Kubogynyň finalynda Zenitden asgyn gelipdi.
Bu olaryň 5-nji finaly bolup, olara şu wagta çenli UEFA-da kubok gazanmak başartmady.
“Aýntraht” bilen “Reýnjersiň” arasyndaky final duşuşygy 18-nji maýda Sewilýadaky Sançes Pishuan stadionynda oýnalar we duşuşyk 00:00-da başlanar.
