UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”

Iki hepdelik arakesmeden soň UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 3-nji duşuşyklar oýnalar. “Inter” “Barselona”, “Aýaks” “Napoli”, “Liwerpul” “Reýnjers” şu agşamyň, “Çelsi” “Milan”, “Benfika” “PSŽ duşuşyklary-da ertir agşamyň iň esasy oýunlary hasaplanýar.

Şu gijeki iň esasy oýun gürrüňsiz Juseppe Meazza stadionynda oýnaljak “Inter”“Barselona” duşuşygy bolar.Iki topar mundan öň 10 gezek duşuşdylar. Şolarda “Barselona” 6 gezek ýeňiş gazanan bolsa, Inter bary-ýogy 1 gezek ýeňmegiň hötdesinden geldi (3 deňlik). “Barselonanyň” 14 goluna “Inter” 6 gol bilen jogap berdi.

Aşgabat wagty bilen ýarygijede (00:00) başlanjak oýna serbiýaly Slawko Winçiç eminlik eder.

Şeýle-de, “A” toparçanyň 2 duşuşygy hem şu agşamyň beýleki esasy duşuşyklary hasaplanýar. Ýagny “Liwerpul” öz meýdançasynda “Reýnjersi”, “Aýaks” bolsa “Napolini” kabul eder. Bu günki duşuşyklar toparlaryň özarasynda ilkinji duşuşyklar bolar. Şeýle-de “Marsel” topary-da ilkinji gezek “Sporting” bilen güýç synanyşar.

“Çelsi” “Milany” kabul eder

Ertirki duşuşyklaryň iň esasysy Londondaky “Çelsi” “Milan” duşuşygy hasaplanýar. Niderlandlardan Danni Makkelieniň eminlik etjek oýny 00:00-da başlanar. “Çelsi” bilen “Milan” mundan öň 2 gezek duşuşdylar. 1999/2000 möwsümindäki şol oýunlaryň ikisi-de deňlikde (0-0,1-1) tamamlandy.

UEFA Çempionlar Ligasynda şu gijeki duşuşyklar:

“Bawariýa” “Wiktoriýa Plzen” (21:45)

“Marsel” “Sporting” (21:45)

“Liwerpul” “Reýnjers” (00:00)

“Aýaks” “Napoli”(00:00)

“Porto” “Baýer” (00:00)

“Klub Brýugge” “Atletiko” (00:00)

“Inter” “Barselona” (00:00)

“Aýntraht” “Tottenham” (00:00)

UEFA Çempionlar Ligasynda ertirki duşuşyklar:

“RB Salsburg” “Dinamo Zagreb” (21:45)

“Leipsig” “Seltik” (21:45)

“Çelsi” “Milan” (00:00)

“Real Madrid” “Şahtýor Donesk” (00:00)

“Mançester Siti” “Kopengagen” (00:00)

“Sewilýa” Borussiýa Dortmund” (00:00)

“Ýuwentus” “Makkabi Haýfa” (00:00)

“Benfika” “Pari Sen-Žermen” (00:00)

Ýene degişli makalalar

Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...
Şu gün Stambulda Çempionlar Ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekiler
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyryna bije çekildi