17.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi.Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, wideokonferensiýa görnüşinde Mejlisiň Başlygyny, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýa gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir biz ýurdumyzda ajaýyp baýramy - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belläp geçeris diýdi.

Milli Liderimiz milli senenamamyzdaky bu möhüm sene bilen hemmeleri gutlap, adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biziň çäksiz buýsanýandygymyzy hem-de uly hormat goýýandygymyzy nygtady.

Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ata Watanymyzy beýik özgertmeleriň hem-de ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Oňyn Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, milli däplerimiziň we demokratik taglymatlarymyzyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepillendirmesi bolan Konstitusiýamyz esasynda hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys.

Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasynyň, baş Baýdak meýdançasynyň, welaýat merkezlerinde, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalarynyň döredilmegi watansöýüjiligimizi, dostlugymyzy, jebisligimizi, üstünliklerimizi we rowaçlyklarymyzy dabaralandyrýar hem-de milli gymmatlyklarymyza sarpamyzyň ebedidigine doly şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Mundan ýigrimi ýedi ýyl öň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň çäginde jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz düýpli täzelenip, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi.Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanyp, täze konstitusion kadalar işlenip taýýarlanyldy hem-de 2016-njy ýylda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Biz Konstitusiýamyzyň binýatlyk kadalaryna daýanyp, döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan güýjümiz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp barýarys.Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýa babatda döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we meýilnamalaryň ençemesini kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda senagat- önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, ýokary amatlykly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bularyň ählisiniň eziz Diýarymyzda ägirt uly üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň tassyklaýandygyny belledi.

Biz halkara gatnaşyklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalary tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy yzygiderli giňeldýäris.

Parahatçylygy pugtalandyrmak, içerki ösüşleri we dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyzy milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, asuda hem-de abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýram edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksadynda milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen halkara hukuk namalaryny düýpli öwrenmegiň, olary milli tejribede, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Garaşsyz Watanymyzyň Konstitusiýasy we Baýdagy halkymyzyň mizemez agzybirligini şöhlelendirýär.Bu mukaddes nyşanlar biziň parahatçylygyň we döredijiligiň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini dowam edip, wideokonferensiýa görnüşinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.Olar ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň işleri, harby özgertmeleri üstünlikli ilerletmek, eziz Diýarymyzda asudalygy we abadançylygy saklamak maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda kanunçylygy we tertip-düzgüni berk berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak hem-de kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, döwlet gümrük edaralarynyň düzümleýin bölümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we döwletimiziň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy düzümlerde özgertmeleriň amala aşyrylmagyna ünsi çekip, Garaşsyz türkmen döwletiniň öz goşunynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de berkitmek barada yzygiderli alada edýändigini belledi.

Hünärli harby işgärleri taýýarlamak, Watan goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin şertleriň döredilmegi hem ileri tutulýan wezipeler bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli göz öňünde tutulýan ähli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler, hususan-da, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini düzümleýin özgertmek, bu pudagyň işiniň netijeliligini artdyrmak, bir bitewi medeni we syýahatçylyk syýasatyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda balyk hojalygy we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak boýunça geçirilýän işleri kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, balyk tutmak bilen bagly işi ygtyýarlylandyrmak, balygy, suw jandarlaryny gaýtadan işlemek we gaplamak bilen baglanyşykly işi kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak, pudagyň kuwwatyny amatly ulanmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň möhümdigini belledi.Munuň özi halkara syýahatçylygynyň meşhur merkezi hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkitmäge ýardam eder. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz suwuň bioserişdelerini gorap saklamaga we netijeli peýdalanmaga, suw howdanlarynyň ýagdaýyna, balykçylyk hojalyklarynyň hem-de bu ugurda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň işine degişli derejedäki gözegçiligi üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz şu günüň talaplaryny we öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen degişli işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Wise-premýer nebiti we gazy çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň mukdaryny has-da köpeltmek, ýangyç-energetika toplumynyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak, nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny öňe ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen Täjibaý diýen geljegi uly meýdançada geçirilýän geologiýa-barlag işleriniň netijeleri barada hem habar berildi.Bu ýerde 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlanyp, şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy.

Häzirki wagtda Türkmengaz döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şertidigini nygtady. Şol maksatnamalar milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň güýçli depginini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipelere ünsi çekip, wise-premýere täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan ulanmaga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň eksportuny artdyrmaga hem-de ýurdumyzda gurlan nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri çig-mal bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 25 — 26-njy maýda Ak şäherim Aşgabat atly XVIII köpugurly halkara sergisine hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilýän medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimize ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça welaýatlarda amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu sergä daşary ýurtlaryň işewürler toparlarynyň hem-de iri halkara kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem-de Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hususy kärhanalary we telekeçileri bar.

Olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini görkezerler. Şanly sene — Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň seýilgählerinde artistleriň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar.Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi ulanylmaga berler hem-de 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň düýbi tutular, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze seýilgähiň açylyş dabarasy bolar.

Soňra wise-premýer welaýatlarda täze nusgaly häzirki zaman şäherçelerini gurmak babatynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgininiň ýokarlandyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ak şäherim Aşgabat atly XVIII köpugurly halkara sergisiniň täze taslamalary we teklipleri hödürlemek üçin netijeli çäre boljakdygyny, daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň gazananlary, Aşgabat şäheriniň senagat-medeniýet we intellektual babatda ýeten derejesi, ägirt uly durmuş-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işewürlik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Forumyň diňe bir hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermän, iň gowy tejribäni iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik berjekdigi möhümdir.Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralary barada aýtmak bilen, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ähli çäreleri mynasyp derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — obalarda we şäherlerde ösen durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmegiň möhümdigine ünsi çekip, täze ilatly ýerleriň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmegi talap etdi, olarda adamlaryň amatly we abadan durmuşy üçin ähli şertler döredilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de bu şanly senä gabatlanyp geçiriljek Dünýäniň bezegi-türkmen halysy atly haly önümleriniň halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen halysynyň halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň toplanan keşbini özünde jemleýän bahasyz baýlykdygyny belledi.Munuň özi türkmen zenanlarynyň örän köp nesilleriniň yhlasly we joşgunly zähmeti bilen döredilen hem-de ençeme müňýyllyklaryň dowamynda kämillige ýetirilen hakyky sungatdyr.

Milli Liderimiz dünýäde milli halyçylyk sungatymyzyň üstünliklerini wagyz etmek işinde her ýyl geçirilýän maslahatlaryň ähmiýetini we olaryň eýeleýän möhüm ornuny belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de öňe ilerletmäge, ýurdumyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady hem-de bellenen çäreleri örän ýokary derejede guramak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hususy pudagy işgärler bilen üpjün etmek üçin bazar ykdysadyýetiniň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň sanynyň, telekeçilik düzümleriniň barha köpelýändigini belledi. Şoňa görä-de, menejment, marketing hem-de beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri hünär taýdan taýýarlamaga degişli täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy döwrüň talabydyr.

Döwlet Baştutanymyz dünýä derejesinde göz-garaýşy, strategiki pikirlenilişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürleri kemala getirmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we okatmagyň usullaryny peýdalanmak, tejribeli mugallymlary çekmek bilen işewürlik biliminiň innowasion gurşawynyň döredilmegine ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin sport çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu çäreler Aşgabat şäheriniň şaýollary boýunça, Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotreginde, welaýat merkezlerinde, köpugurly sport toplumlarynda, stadionlarda hem-de sport mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerde geçiriler.Welosipedli ýörişleriň geçýän ugurlarynda medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş türgenleriň çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli öňde boljak ähli çärelere taýýarlyk görmek we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz bu möhüm sene mynasybetli guralýan dürli çäreleriň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmegine, ekologiýa abadançylygyna, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, ruhy hem-de beden taýdan kämil ýaş nesliň kemala gelmegine gönükdirilmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 18-nji maýda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.

Wise-premýer Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabarasynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň medeni ojaklarynda-da baýramçylyga bagyşlanan dabaralaryň we dürli çäreleriň geçiriljekdigini habar berdi.Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny wagyz etmekde halkymyzyň mizemez jebisligini, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň maksatlaryna yzygiderli ygrarlydygyny alamatlandyrýan döwletliligiň nyşanlarynyň hormatyna geçiriljek baýramçylygyň ähmiýetini nygtap, dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň döwrüň talabydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitleri daşary ýurtlarda giňden beýan etmek, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça işleri güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz teleradioýaýlymlarynyň işini innowasion taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegini nazarda tutup guramak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi. Şu günler welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda bugdaý orujy kombaýnlary we awtoulaglary orak möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, birinji we ikinji hatarara işlerini hem-de gowaçany ýekelemek we otag işlerini geçirmek boýunça zerur çäreler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen, giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini nygtady.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba özgertmeleriniň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler öz oňyn netijelerini berýär.

Aşgabatda ýakynda geçirilen ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde türkmen oba zähmetkeşleriniň üstünlikleri hemmetaraplaýyn beýan edildi.Halkara ylmy maslahatynyň barşynda hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisinde pudak üçin möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň seçgiçiligini we tohumçylygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, daşary ýurtly hünärmenler bilen işjeň tejribe alyşmagyň, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny aýtdy.Bu gün türkmen oba hojalykçy-alymlarynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, ýeralmanyň, üzümiň, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan beýleki gök we miwe, ir-iýmiş ekinleriniň ýokary hasylly täze görnüşlerini döretmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman barlaglary we ylmy işläp taýýarlamalary uly gyzyklanma döredýär.

Bularyň ählisi dünýäniň öňdebaryjy ylmy-önümçilik merkezleri bilen özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarydyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý oragyny ýokary hilli geçirmek boýunça tutuş çäreleriň toplumyny üpjün etmegi, ýygnaljak bugdaý hasylynyň saklanylmagy barada alada etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýy ýygnamak, dänäni ammarlara we elewatorlara bökdençsiz hem-de ýitgisiz daşamak, kombaýnlara tehniki taýdan hyzmat etmek we bu möhüm işe gatnaşýanlara durmuş-medeni hyzmaty talabalaýyk guramak meselelerine hem-de babadaýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi, wise-premýer 23-nji maýda Aşgabatda meýilleşdirilen Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Duşuşygyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler.Ilkinji nobatda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ugurlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, eksport, import amallaryny, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem degişli teklipleri öwrenmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýapon kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek bilen, Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen nebitgaz we himiýa pudaklarynda iri taslamalara ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly meselelere serediler.

Gurluşyk senagatynda, ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda, ýurdumyza ýapon awtomobil tehnikalaryny getirmek we hyzmat ediş merkezlerini açmak ugry boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlise taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu ugurlar boýunça resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.Bulardan başga-da, mejlisde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de saglygy goraýyş, oba hojalygy, ylym, bilim we syýahatçylyk pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine serediler.

Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň möhüm işewür hyzmatdaşy hasaplanýan Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda senagat pudagynda, maýa goýum işleri boýunça özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň senagatlaşdyrmaga tarap alan ugrunyň öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda işleýän, ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilendigini, bu ugurda ýapon hyzmatdaşlaryň tejribesini mundan beýläk-de öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu gün dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda, netijeli işewür gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidigini belläp, bu ulgamy yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz taraplaryň anyk teklipler bilen berkidilýän özara bähbidi hem-de bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýady uzakmöhletleýin döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ygtybarly esasy döredýändigini aýdyp, Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen ykdysady komitetiniň bilelikdäki mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada wise-premýere, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Bu hyzmatdaşlyk anyk netijeleriň gazanylmagyny ugur edinmelidir.Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisi jemläp, hökümet agzalarynyň ünsüni öňde duran möhüm wezipelere çekdi.Milli Liderimiz berkarar Watanymyzyň taryhyndaky şanly senäniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň türkmen halkyna mahsus toý görnüşinde geçirilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow babadaýhanlarymyzyň öňünde galla oragyny guramaçylykly geçirmek wezipesiniň durýandygyny aýdyp, bu wajyp möwsümi ýokary derejede geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlaryna ýüzlenip, olaryň häkimler bilen bilelikde döwletimiziň baýlygy, halkymyzyň rysgaly bolan galla oragynyň barşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagynyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň täze iri şäheriniň gurluşygynyň başlanylmagy bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere Ministrler Kabinetiniň degişli orunbasarynyň ünsüni çekdi.Täze iş orunlarynyň döredilmegi bu ugurda göz öňünde tutulýan işleriň möhüm şertleri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz täze şäheriň ilatyny iş bilen üpjün etmek, zerur bolan kärhanalaryň we hünärmenleriň sanawyny düzmek meselelerini oýlanyşmagy tabşyrdy.

Bilelikdäki mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglygyny, asuda we abadan durmuşy, berkarar Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmen-ýapon komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisi geçiriler
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy berkeýär
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY