17 müň ýyllyk saz guraly tapyldy

Fransiýanyň Tuluza şäherindäki adybir muzeýde 80 ýyldan bäri saklanýan saz guraly gaýtadan barlananda, onuň 17 müň ýyl ozal ýasalandygyny mälim boldy. Şeýlelikde, balykgulakdan ýasalan bu eksponatyň üflenip çalynýan iň gadymy saz guralydygy ýüze çykaryldy.

Hünärmenler saz guralynyň entegem örän gowy ses çykarýandygyna ünsi çekýärler.Bu açyş şol döwürde ýaşan adamlaryň medeniýeti barada hem maglumat berýär.Bu täsin eksponatyň häzire çenli suwuklyk guýulýan gapdygy çaklanylýardy. 1931-nji ýylda Fransiýanyň Pireneler dag ulgamyndaky bir gowakda tapylan saz guralyny arheologlar bulgur hökmünde hasaba alypdyrlar.

Hünärmenler golaýda muzeýde tükelleýiş işlerini geçirenlerinde bu eksponatyň gaýtadan öwrenilmegini makul bilipdirler.Bu eksponatyň saz guraly bolup biljekdigini güman edilensoň, bir sazandadan kömek sorapdyrlar.Sazanda bu guraldan “do” we “re” notalaryndaky sesi alypdyr.

Sazanda gurala ýokary baha beripdir.Netijede onuň has irki döwürde ýasalan saz guralydygy anyklandy.

Şeýle hem geçirilen barlagdan saz guralynyň iç tarapyndaky nagyş bilen onuň tapylan gowagynyň diwaryndaky nagyşlaryň meňzeşdigi mälim edildi.Tuluza uniwersitetinde zähmet çekýän arheolog Gilles Tosello saz guralynyň gowagy bezemek üçin çekilen suratlar bilen meňzeşdigini, munuň saz guraly bilen çalynan saz bilen gowakdaky suratlar bilen baglanyşygynyň bardygyny görkezýändigini aýtdy.

Arheolog Ýewropada saz bilen gowak sungatynyň arasyndaky şular ýaly gatnaşygynyň ilkinji gezek ýüze çykarylandygyny aýtdy.

Bu baradaky ylmy makalada “Science Advances” atly žurnalda çap edildi.

Ýeri gelende bellesek, deňiz balykgulagy Okeaniýada, Ýewropada, Hindistanda we Ýaponiýada ýaşap geçen halklar tarapyndan saz guraly, sesli habarlaşmak üçin aragatnaşyk guraly hökmünde peýdalanylypdyr. Uzynlygy 31 santimetre barabar bolan saz guralynyň Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky Biskaý aýlagynda häzirki wagtda hem seýrek duş gelýän “Charonia lampas” atly deňiz balykgulagyndan ýasalandygy mälim edildi.

The post 17 müň ýyllyk saz guraly tapyldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Marsda meteoritleriň sesi ýazgy edildi
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar
Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy