Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar

Panamadaky tropik tokaýlarda geçirilen barlaglarda agaçlaryň howpsuz araçägi saklap, biodürlüligi dowam etdirmäge ýardam edýändigi ýüze çykaryldy.Panamaly alymlar uly agaçlaryň öz aralaryndaky araçäk bilen bu tokaýlaryň biodürlüliginiň arasyndaky gatnaşygy öwrendiler.

Bu ylmy barlag Panama kanalynda, adam eli bilen döredilen kölüň içindäki Barro Kolorado adasynda amala aşyrylypdyr.Tebigaty öwrenijiler adada soňky 30 ýyldan bäri başga-da dürli ylmy işleri geçirdiler.

Soňky geçirilen barlagda şol bir görnüşdäki agaçlaryň biri-birlerine ýakyn ösenlerinde, olara kömelek ýaly patogenleriň ýa-da mör-möjekleriň zyýan berýändigi anyklandy.Alymlar agaç tohumlarynyň ösüp oturan agaçdan 100 metr çemesi uzaklykda gögerip çykýandygyny anyklapdyrlar. Öz jynsdaşlary bilen aralyk saklaýan agaçlaryň, arasyndaky boşlukda beýleki ösümlikleriň köpelmegine rugsat berip, tokaýda köpdürlüligiň emele gelmegine sebäp bolýandygy anyklandy.

Ylmy barlagyň awtory Maýkl Kalýužnyý barlag geçirilýän tokaýa degişli özlerinde köp mukdarda maglumatyň bardygy sebäpli, haýsy agajyň nirede ýerleşýändigini bilýändiklerini aýdýar. Ol tohumlar gaçan ýerinde şineläp, gögeren bolsa, tokaýyň nähili boljakdygyny öwrenendiklerini aýdyp, uly agaçlar bilen ýaş nahallaryň arasynda uzak aralygyň bardygyny ýüze çykarandyklaryny belleýär. Ylmy barlag baradaky makala Science žurnalynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar
Ortaýer deňziniň düýbünde ýaşy 7 müň ýyl bolan ýol tapyldy
BAE-de 50 gradus yssa çydamly balarylary döretdiler
2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler