Horwatiýanyň günorta kenarýakasynda mundan 7 müň ýyl öň gurlan ýoluň galyndylary tapyldy, ol Ortaýer deňziniň düýbündäki gyrmança gatlaklarynyň astynda gizlenip galypdyr diýip, MIR 24 ýazýar.
Tapyndynyň neolit döwründäki gark bolan duralgada üstünden bardylar. Alymlaryň pikiriçe, ýol Hwar medeniýetine degişli ilatly ýeri häzirki Korçula adasy bilen birleşdiripdir.
Öň emeli ada bolan Soline atly gadymy ilatly mekanyň üstünden 2021-nji ýylda bardylar. Zadar uniwersitetiniň alymlar hemra arkaly alnan suratlarda suwuň astyndaky adam eli bilen döredilmegi mümkin bolan binalaryň yzlaryny gördüler. Olar barlaglar netijesinde 4-5 metr çuňlukda daş diwarlaryň galyndylarynyň üstüni açdylar.
Alymlar arheologik ýadygärligiň bu çägiň güýçli tolkunlardan goralandygy üçin biziň günlerimize çenli abat saklanandygyny çaklaýarlar. Gadymy ýoluň 4 metr giňligi bolup, ol sünnäli ýerleşdirilen daş düşeklerden gurlupdyr. Ylmy-barlagçylar ony biziň eýýamymyzdan öňki 4900 ýyl bilen seneleýärler.
Neolit ýa-da täze daş eýýamy mundan 12 müň ýyl töweregi öň başlanypdyr. Adamlar kem-kemden awçylykdan oba hojalyga we haýwanlary eldekileşdirmäge geçipdirler. Ilkinji obalar peýda bolupdyr.
Hwar medeniýeti hem giçki neolite degişli hasaplanýar. Onuň wekilleri Adriatik deňziň gündogar kenarlarynda ýaşapdyrlar diýip, Science Alert neşiri ýazýar.
