Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar

Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar

NOIRLab NSF edarasynyň alymlary Globe at Night maksatnamasynyň çäklerinde bütin dünýäde adamlaryň 30 göterimine golaýyny gijesine asmandaky ýyldyzlary synlamakdan mahrum eden yşyk hapalanmasynyň her ýylda 7-10 göterim artýandygyny anykladylar. Ylmy-barlaglaryň netijeleri Science žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar munuň üçin Ýewropada we Demirgazyk Amerikada 2011-nji ýyldan bäri adamlaryň ýyldyzlary synlamagy bilen bagly maglumatlary jemlediler. Netijede, 2011—2022-nji ýyllar aralygynda şeýle synlamalaryň 50 müňüsi seljerildi.

Göze görünmä täsir edip biljek bulutly howa we Aý yşygy ýaly ýagdaýlary aradan aýyrmak bilen, ylmy-barlagçylar gijeki asmanyň ýagtylygynyň soňky onýyllykda her ýyl 9,6 göterim artandygyny kesgitlediler.

Eger asman gümmeziniň gijeki ýagtylygynyň şeýle tiz artýandygyny hasaba alsaň, öň 250 sany ýyldyz görnen ýerde doglan çaganyň 18 ýaşynda olaryň diňe 100 sanysyny synlap biljekdigi belli boldy.

Yşyk hapalanmasy diňe bir astronomiki iş üçin zyýanly bolman, ol biologik sagady hem bozýar we medeni mirasyň ýitmegine eltýär. Ýagny adamlar bütin taryhyň dowamynda ýyldyzly asmany synlap geldiler, bu bolsa öz gezeginde asman jisimlerinden ugur alnyp döredilen miflerdir ynançlarda öz beýanyny tapdy.

Ýene degişli makalalar

Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Alymlar haýsy ýurtda iň az çepbekeýleriň ýaşaýandygyny anykladylar
Ortaýer deňziniň düýbünde ýaşy 7 müň ýyl bolan ýol tapyldy
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar