Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler

Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler

Singapuryň we Hytaýyň alymlary barha ýygjamlaşýan çekirtge hüjümleriniň bütin dünýäniň azyk howpsuzlygyna zyýan edip biljekdigini anykladylar. Bu ugurdaky ylmy-barlagyň netijeleri Science Advances ylmy žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatlaryna salgylandylar. Olarda 1985-2020-nji ýyllar aralygynda 36 ýurtdaky çekirtge hüjümleri barada maglumat berilýär. Alymlar bu ýagdaýy howanyň temperaturasy, şemalyň tizligi we ygallaryň derejesi ýaly meteorologik görkezijiler bilen baglanyşdyrdylar.

Howanyň maýlamagy çekirtgeleriň köpelmegine getirýär, ýagdaý bütin dünýäde çekirtgelere gözegçiligiň utgaşdyrylmagyny talap edýär diýlip, ylmy-barlagda bellenýär.

Alymlar çekirtgeleriň iň köp howp salýan sebitleri hökmünde Afrikany, Ýakyn Gündogary we Günorta Aziýany görkezýärler.

Ylmy-barlagda ygalyň artmagynyň we howanyň temperaturasynyň ortaça ösüşiniň bu sebitlerde çekirtgeler üçin amatly şertleri döredýändigi aýdylýar. Netijede, bu zyýanly mör-möjekleriň oba hojalyga howp salýan çäkleri barha giňeler diýlip, alymlar nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar haýsy ýurtda iň az çepbekeýleriň ýaşaýandygyny anykladylar
Ortaýer deňziniň düýbünde ýaşy 7 müň ýyl bolan ýol tapyldy
Alymlar Afrikanyň ýolbarslarynyň we pilleriniň haýsy ýyrtyjydan gorkýandyklaryny anykladylar
Hytaý 2035-nji ýylda täze ykdysady öňdebaryjy ýurt bolup biler