Alymlar haýsy ýurtda iň az çepbekeýleriň ýaşaýandygyny anykladylar

Alymlar haýsy ýurtda iň az çepbekeýleriň ýaşaýandygyny anykladylar

Beýik Britaniýadan, Fransiýadan we Şweýsariýadan bolan alymlaryň halkara topary haýsy ýurtda ilatyň düzüminde çepbekeýleriň azdygyny anykladylar. Ylmy-barlaglaryň netijesi Proceedings of the Royal Society B. Biological Sciences (PRSBS) lukmançylyk žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Öňki barlaglarda çepbekeýleriň dünýä ilatynyň 10,6 göterimini tutýandygy belli bolupdy.

Alymlar Sea Hero Quest ykjam oýnuň kömegi bilen 41 ýurtdan bolan 422,7 müň adamyň maglumatlaryny seljerdiler, oýna gatnaşyjylar ylmyň ösüşi üçin maglumatlary meýletin paýlaşýarlar.

Netijede, iň köp çepbekeýleriň Niderlandlarda ýaşaýandygy belli boldy, olaryň sany ýurtda ilatyň 12,95 göterimini tutýar. Ondan soňra Birleşen Arap Emirlikleri (12,9 göterim), Ysraýyl (12,88 göterim), Puerto-Riko (12,3 göterim) we Filippinler (12,21 göterim) gelýär.

Çepbekeýleriň iň az ýaşaýan ýurdy Hytaý bolup durýar, bu ýerde olaryň 2,64 göterimi ýaşaýar. Soňra sanawda Indoneziýa (3,39 göterim), Wýetnam (4,26 göterim), Gonkong (4,85 göterim) we Taýwan (5,16 göterim) ýerleşdi.

Alymlar çepbekeýleriň iň az ýurtlarynyň Aziýada ýerleşýändigini belleýärler.

Olar Hytaýda çepbekeýleriň az bolmagyny mekdeplerde çagalara sag elde ýazmagy öwretmek üçin aýratyn işleşilýändigi bilen düşündirýärler.

Ýene degişli makalalar

Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler
Ortaýer deňziniň düýbünde ýaşy 7 müň ýyl bolan ýol tapyldy
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär