Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy

Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy

Maýmynlara ýumor duýgusy mahsus diýip, biologlar we primatlary öwrenijiler netijä geldiler. Synlamalar bu haýwanlaryň öň diňe adamlara mahsus hasaplanýan degişmegi başarýandygyny görkezdi.

Mysal üçin, edil adam çagalary ýaly, şimpanzeleriň, bonobolaryň, orangutanlaryň we gorillalaryň çagalary hem eýýäm sekiz aýlykka, öz ene-atalaryny gižželäp başlaýarlar, zatlary uzadýarlar, soň ýene yza çekýärler, sosial düzgünleri bozýarlar, beýlekileriň işine burnuny sokýarlar.

Netijede, maýmynlaryň özlerine ünsi çekmek üçin edýän 18 sany oýunbazlyk häsiýetleri ýüze çykaryldy. Özlerem olar bu hereketleri dynç alýan wagtlary edýärler diýip, Proceedings of the Royal Society B: Biological Sciences neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar haýsy ýurtda iň az çepbekeýleriň ýaşaýandygyny anykladylar
Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi