Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar

Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar

Alymlaryň halkara topary synag geçirmek bilen, pilleriň hakykatda nämeden gorkýandygyny kesgitlediler diýip, Live Science neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Öň bu mähnet jandarlaryň syçanlardan gorkýandygy barada legendalar bardy. Bu barada gadymy grek ýazyjysy Pliniý ýazypdyr. Ýagny gemrijiler piliň holtumyna girip, aýaklarynyň dabanyny dişläp ýa-da onuň bedeniniň gasynlarynda hin gurnup bilýärler diýlip aýdylýardy. Emma zoologlar munuň beýle däldigini anykladylar.

Hünärmenler uzak wagtlyk synaglardan soň pilleriň garynjalaryň ýaşaýan ýerlerinden gaça durýandygyny anykladylar. Mundan başga-da olar arylardan gaty gorkýarlar, arylaryň ysyny uzak aralykdan hem almagy başarýarlar.

Ýabany tebigatda piliň gapdalyndan duýdansyz ylgap geçýän islendik jandar ony gorkuzýar we gaharyny getirýär diýip, Kembrij uniwersitetinden pilleriň özüni alyp barşyny we düşbüligini öwreniji hünärmen Joş Plotnik gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň iň gowy uniwersitetleri
Ýeriň jümmüşinde “superumman” bolup biler
Näme üçin köne kitaplar kükeýär?
Yrakda 3000 ýyllyk küýzegärlik ussahanasy tapyldy
Ýer ýüzüniň iň gadymy derýasynyň ady mälim edildi
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar