2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler

2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler

Alymlar El-Ninýo tebigy harasatynyň başlanandygyny yglan etdiler, ol ummanyň üst suwunyň gyzmagy bilen utgaşýar diýip, Habar 24 ýazýar.

Klimatologlaryň pikiriçe, El-Ninýo 2024-nji ýylyň taryhda iň yssy ýyl bolmagyna getirip biler.

Giň çäkli ýangynlardyr sil joşmalary, adatdan daşary howa görkezijileri planetanyň şu günki hakyky ýagdaýydyr, emma adamlaryň aglaba bölegi howanyň üýtgemegini çynlakaý mesele hökmünde kabul etmeýärler. Köp ýurtlaryň döwlet Baştutanlarydyr müňlerçe alymlar eýýäm şu ýylyň aýagyna çenli adatdan daşary howa şertlerine taýýarlyk görmäge çagyrýarlar.

Şunda tebigy betbagtçylyklaryň köpüsini özi bilen hut El-Ninýo alyp gelýär.

Tom di Liberto, howany öwreniji: - Meniň pikirimçe, 2024-nji ýylda ählumumy howanyň derejesi ähli öňki rekordlardan ozup biler, netijede, geljek ýyl taryhda iň yssy ýyl bolar. Bu 100 göterim kepillikli däl, emma taryhdaky ähli yssy döwürler hut El-Ninýonyň täsiri bilen bolupdy. Ol howanyň üýtgemegine goşmaça itergi berýär.

Alymlar geljek ýyl Awstraliýada guraklyga we tokaý ýangynlaryna garaşýarlar. Merkezi we Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde güýçli ýagyşlar bolup biler.

Science žurnalynyň soňky barlaglaryna görä, El-Ninýo bu ýyl 3 trillion dollar möçberinde ählumumy ýitgi getirip biler.

Ýene degişli makalalar

Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar
Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy
Dünýä ummanyndaky plastik çökündi üç esse artdy