18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasynyň çäklerinde 595 müňe golaý agaç nahaly oturdyldy, Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze Arkaç SDAM açyldy, TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan serginiň birinji güni tamamlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 16-njy martda Türkmenistanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi.

Milli bahar baýramyna gabatlanyp geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow badalga berdi.Döwlet Baştutany Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde bag nahalyny oturtdy.Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtyň Arçabil şaýolunda Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar hem-de 7 sany bag nahalyny oturtdylar. Çärä gatnaşyjylar hem olaryň göreldesine eýerdiler. 2. 17-nji martda Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly täze Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy.

Täze SDAM birnäçe köpugurly desgasy we merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär.Bu toplum Ussat hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi.Bu ýerde köp sanly dükanlardan we supermarketden başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar. 3.

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli serginiň ilkinji güni tamamlandy.Bu ýyl giň gerimli gözden geçirişde kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Häzirki sergi 19-njy marta çenli dowam eder.Gözden geçiriliş tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar. 4.Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna Türkmenistandan ýerli wagt bilen 20:00-a çenli 2750 adam ses bermäge gatnaşdy. 17-nji martda Türkmenistanda jemi bäş sany — Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda saýlaw uçastoklary hereket etdi. 5.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Seul şäherinde geçirilen halkara maslahatyň işine gatnaşdy.Forum dünýäniň dürli ýurtlardan gatnaşyjylar üçin saglygy goraýyş ulgamynyň esasy wezipelerini we ugurlary ara alyp maslahatlaşmak babatda meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmen wekiliýeti Seula amala aşyran saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. 6.Türkmenistan özi üçin syýahatçylygyň täze ugruny eko-etno syýahatçylygy açýar.Bu tebigat bilen ýeke galmagy we türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti bilen tanyşlygy özünde jemleýän dynç alyşyň bir görnüşidir.

Eko-etno syýahatçylyk syýahatçylaryň barylýan ýerlere jogapkärçilikli çemeleşmegine gönükdirilendir, bu bolsa daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaldýar we ýerli däp-dessurlaryň goralmagyna goşant goşýar.Syýahatçylygyň bu görnüşi ýerli halkyň durmuşy we ýaşaýyş şertleri bilen tanyşmaga, olaryň özboluşly tagamlaryny dadyp görmäge, senetlerini öwrenmäge we ýerli rowaýatlary diňlemäge mümkinçilik berýän uzak sebitlere syýahat etmegi göz öňünde tutýar.

Dünýäde

7.Hytaýyň Hubeý welaýatynda, Üç jülge gidroelektrik stansiýasynyň suw howdanynyň çäklerinde täze ösümlikler, ýagny kosmosda bolup gelen ösümlikler peýda boldy.Hytaýly alymlar synag üçin atgulaklar maşgalasynyň wekilini saýladylar.

Bu ösümligiň tohumy Şençžou-13 missiýasynyň çäklerinde Týangun orbital stansiýasyna iberildi we kosmos şertlerinde üstünlikli gögerdi hem-de ösdi. Ýanszy derýasynyň jülgesindäki synag meýdançasynda birnäçe seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik görnüşleri, şol sanda 500 sany kosmos atgulagy oturdyldy.

Alymlar olaryň ösüşine we boý alyşyna ýakyndan gözegçilik ederler. 8.Amerikan awtoulag birleşigi tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesine görä, ABŞ-ly sürüjileriň ýarysyndan gowragy sürüjisiz awtoulaglara ynanmaýarlar.Adamlaryň aglaba köplügi awtonom dolandyryşly awtoulaglardan gorkýarlar we soraga gatnaşanlaryň dörtden biri robotlaşdyrylan ulaglarynyň töwereginde özlerini ynamsyz duýýarlar.

Ynam derejesi 2022-nji ýylda 15%-den 2024-nji ýylda 9%-e çenli pese gaçdy.Awtonom dolandyryşly ulaglar bilen baglanyşykly birnäçe çynlakaý ýol-ulag heläkçiligi sürüjileriň tehnologiýa bolan ynamsyzlygyny güýçlendirýär.

Mysal üçin, General Motors korporasiýasy özüniň awtonom ulgamlary ösdürmek bilen meşgullanýan Cruise bölüminiň işini togtatdy, muňa kompaniýanyň sürüjisiz awtoulag bilen bolup geçen we bir aýalyň ýaralanmagyna getiren ýol-ulag heläkçiligi sebäp boldy.

Sport habarlary

9.Türkmen erkin göreşçisi Alp Arslan Begenjow Antalýada tamamlanan Çempionlaryň halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.Begenjow bu üstünligi 74 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.Antalýadaky abraýly halkara ýaryşyna köp ýurtdan iň güýçli erkin göreş pälwanlaryndan 350-ä golaýy ýygnandy.

Alp Arslan Begenjowyň bürünç medaly türkmen göreş mekdebiniň gaznasyna möhüm goşant goşdy we türkmenler erkin göreşçileriniň dünýä giňişligindäki ýokary ussatlygyny tassyklady. 10.Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow şu günler Rigada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Rigada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda Türkmenistanyň toparyna 5 erkek we 3 zenan türgen wekilçilik etdi.

Ýene degişli makalalar

Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi
Türkmenistanly pälwanlar Rumyniýada erkin göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşda medallara mynasyp boldular
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna saýlama ýaryş geçirildi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi