Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal eýeledi

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Bişkek şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

71 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan türkmen türgeni üçünji orun ugrundaky tutluşykda mongoliýaly Bilguundalaý Purewdagwany 10:0 hasabynda ýeňdi.

Bürünç medala uzaýan ýolda bolsa ol gyrgyzystanly Adilet Akylbekowdan 13:8, özbegistanly Asadbek Faýzullaýewden 10:0 hasabynda üstün çykdy. Ýarym final tutluşygynda bolsa Seýedabolfazl Seýed Aýub Hosseýniden 2:12 hasabynda utulyp, bürünç medal ugrundaky göreşe goşulmaly boldy. Bu agram derejede altyn medaly gazagystanly türgen Nurdaulet Seilbekow gazandy.

Bürünç medallaryň ikinjisine bolsa koreýaly Ýonsu Liden üstün çykan hindistanly türgen Narender Narender mynasyp boldy.

Ýaryş 18-nji iýunda tamamlanar. Ol 17 ýaşa we 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Azerbaýjana barar
Türkmenistanly türgen ilkinji gezek uly ýaşlylaryň arasyndaky erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda medala mynasyp boldy
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy
Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda dört medal gazandylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary