18.10.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Bu dostlukly ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk binýady häzirki wagta çenli gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumy bilen berkidildi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär.Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi. 2015-nji ýylyň oktýabrynda biziň ýurdumyza Ýaponiýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen geldi. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklar saklanylýar.Parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli häsiýete eýe bolup, parlamentara dostluk toparlary döredildi.Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy sebit derejesinde hem, şol sanda Merkezi Aziýa+Ýaponiýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, Ýaponiýa Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir.Häzirki wagtda bilelikdäki uzakmöhletleýin taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen ykdysady komitetleriniň işi möhüm ähmiýete eýedir.

Döwletara ynsanperwer gatnaşyklara — bilim hem-de ylym, medeniýet we sungat, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklara hem okgunly häsiýet mahsusdyr.Hasabat berlişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bellenilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi.

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksadynda harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we umumy tagallalary utgaşdyrmak ýörelgelerinde dünýä ýurtlaryny birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi hem bar.

Milli Liderimiziň Baku şäherinde geçiriljek sammite gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, däbe öwrülen dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegine esaslanýan hem-de anyk netijeleri gazanmagy ugur edinýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynanyşmak, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykýandygyny hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa uzakmöhletleýin esasda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmany iş ýüzünde tassyklaýarlar.Dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi hem-de iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup, şol taslamalar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga we ösdürmäge tarap alan ugry bilen baglylykda durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, netijeli döwletara ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym- bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňelýär.

Bu ugurda ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.Medeniýet ulgamynda hem özara gatnaşyklaryň mazmuny baýlaşýar.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm waka öwrüljek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammiti barada durup geçmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Munuň şeýledigine türkmen tarapynyň ählumumy ykrar edilen we halkara bileleşiginiň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.Hormatly Prezidentimiz dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere degişli resminamalary iberdi we bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryny hususylaşdyrmak boýunça geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şeýle hem ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hususan-da, bu ulgamda hödürlenilýän hyzmatlary giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň talaplaryna laýyklykda, hukuk namalaryny, şol sanda bu ugry mundan beýläk-de ösdürmek üçin namalary täzelemek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň täze döwrüň talaplaryna kybap gelýän nusgasyny döretmek şertlerinde ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün edýändigini belledi.

Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş tutuş hojalyk guralynyň möhüm bölegine öwrülýär diýip, milli Liderimiz bu meseläni düýpli öwrenmegiň wajypdygyny nygtady.Döwlet Baştutanymyz söwda we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryny hususylaşdyrmak hakyndaky Karara gol çekip, resminamany wise-premýere elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly iberdi hem-de göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty diňlenildi.Wise-premýer 22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019 atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli kararyna laýyklykda, forum Türkmennebit döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar.Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri, ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar.Forumyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli esasda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyny we gazananlaryny görkezmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen serginiň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergi energetika howpsuzlygynyň döwrebap ählumumy binýadyny döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny işjeň ilerletmek nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýär diýip, milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işleri ornaşdyrmak babatda netijeli tejribe alyşmak üçin ähmiýetli çärä öwrüljek, maýa goýumlaryny çekmäge, geljegi uly bolan täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etjek halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi hem çagyrdy.Ol Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019 atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça hasabat berdi.

Milli Liderimiz baý tebigy serişdeleriň, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini bellemek bilen, nebitgaz senagatyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň ähmiýetini belledi. Şeýle forumlar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek, energetika bazarlarynyň häzirki ösüş meýilleri bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Amyderýanyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, köpriniň hem-de düzümleýin desgalaryň çyzgyly taslamalaryny görkezdi. Şeýle hem Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň möhüm wezipelerine ünsi çekip, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak hem-de täze ýollary gurmak işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň, şolary netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şolaryň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, ulaglaryň gatnawyny sazlaşdyrmaga hem-de geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýollarda howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Lebap welaýatynda awtomobil köprüsiniň gurulmagynyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Bu desganyň gurulmagy ýolagçylaryň gatnadylmagyny ep-esli gowulandyrar, hereketiň çaltlygyny artdyrar, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer, welaýatyň halk hojalygy üçin ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalardan ugur almagyň, degişli döwrebap düzümi döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, bir tarapdan, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny öz aralarynda baglanyşdyrjak, beýleki bir tarapdan bolsa, ýükleriň ulag arkaly goňşy döwletler bilen serhede çalt ýetirilmegini üpjün etjek, häzirki döwürde gurulýan awtomobil ýollarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, meýilleşdirilen işlere jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar pudaklarynda hem-de düzümlerinde alnyp barylýan işler, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça görülýän çäreler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini çekmek bilen daşary ýurtlardan getirilýän hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň önümçiliklerini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Degişli maksatnama laýyklykda, senagat we oba hojalyk pudaklarynyň dürli ugurlarynda täze önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmek babatda telekeçiligiň artýan ornuny belläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryny goldamagyň hem-de içerki bazary ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary söwda aragatnaşyklaryny giňeltmek hem-de azyk harytlarynyň özümizde artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerini yzygiderli öwrenmegiň, bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligine öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hem-de ýaşlar syýasaty babatda özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda dünýä ölçeglerinde kybap gelýän iri sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň yzygiderli gurulýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beden we ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek üçin hemme şertleri döretmek babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz sanly ulgama geçmek hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek wezipelerine wise-premýeriň ünsüni çekip, bu ulgamyň ýurdumyzyň jemi içerki önüminde artýan ähmiýetini, ilatyň durmuş derejesine we hiline edýän täsirini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 5 — 6-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol atly ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Foruma neşirýat-çaphana gulluklarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň okyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny, tegelek stoluň başynda çekişmeleri hem-de beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nobatdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol atly ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda milli ruhy mirasymyzy wagyz etmekde, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen medeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi babatda forumyň ähmiýetini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag we senagat pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de şolaryň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge we sanlaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, geljegi uly meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýändigini belledi. Şunda ýurdumyz ulag-kommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary, şol sanda sebit hem-de halkara ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak bilen, ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara aýratyn üns berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Soňra Hökümetiň Başlygynyň orunbasary sebitde senagatlaşdyrmak, ulag logistikasy boýunça milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk we durmuş meselelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen, Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri geçirmäge mümkinçilik berýär.Welaýatlary ösdürmegiň milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagy bu babatda mysal bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzir ýurdumyzyň günbatar welaýaty halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag merkezine, wekilçilikli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülip, onuň ýurdumyzyň işewürlik we medeni durmuşyndaky orny barha artýar.Türkmenbaşy şäheriniň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze giň gerimli wezipeleri şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz özgertmeleriň we umumymilli maksatnamalaryň üstünliginiň köp babatda şol wezipeleriň çözülmegine baglydygyny belledi.Milli Liderimiz welaýatda amala aşyrylýan işleriň barşy hem-de şolary berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, sebitde gurulýan möhüm desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba ýerlerini düýpli özgertmek baradaky Milli maksatnamanyň rejelenen görnüşinde bellenen wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini belläp, Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalygynda özgertmeleri geçirmegiň çäklerinde taýýarlanan Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.Döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznasynyň döredilendigi aýdyldy. Şol gaznadan bellenen tertipde hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleri bölünip berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Şu günler sebitlerde pagta ýygymy dowam edýär.

Pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, çig maly kabul edýän bölümleriň, kombaýnlaryň hem-de pagtany daşamakda ulanylýan awtomobil ulaglarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Şonuň bilen bir hatarda, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär.

Bu işi bellenen möhletde we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin anyk çäreler görülýär.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde yzygiderli amala aşyrylýan çäreleriň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmäge ýardam etmelidigini nygtady. Şu maksat bilen, hojalygy ýöretmegiň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmak, obasenagat toplumynda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli artdyrmak, üstünlikli işleýän kärendeçileri goldamak zerurdyr.

Umuman, bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylynyň bellenen möhletde we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de oňa degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýän hukuk namalary seljerilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkyň saýlanlary ýerlerde hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini, kabul edilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ulgamlaryny kadalaşdyrýan täze kanunlary düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen netijeli we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti bolan parlamentara gatnaşyklarynyň berkidilişi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Milli ýygnagynyň işi bilen tanyşmak hem-de tejribe alyşmak maksadynda Koreýa Respublikasyna meýilleşdirilýän iş sapary barada aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly boýunça mundan beýläk-de ilerletmek wezipelerini çözmekde Mejlisiň möhüm ornuny belläp, kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki çäreleri yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmelidigini belledi. Şunda ilatyň arasynda kabul edilen kanunçylyk namalaryny düşündirmek babatda deputatlaryň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, anyk tabşyryklary berdi we ýakyn geljek üçin maksatnamalaýyn wezipeleri kesgitledi.Milli Liderimiz şanly wakalara we döwlet hem-de halkara derejesindäki forumlara gabatlanylan çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi esasy meseleleriň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara welaýatlara iş saparlaryny amala aşyrmak hem-de häzirki döwürde daýhan birleşiklerinde amala aşyrylýan işleriň barşy bilen tanyşmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem obasenagat toplumyny özgertmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.Söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny döwlet tarapyndan goldamak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli kärhanalaryň işiniň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanly ulgama işjeň geçirmegi öňde durýan işleriň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.Döwlet Baştutanymyz iň täze tehnologiýalary we enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ornaşdyrmak üçin edaralara zerur bolan kömegi bermegiň wajypdygyny nygtady.

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlaryň kärhanalarynyň işine hemişe gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda bina edilýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ýaponiýa boljak saparyň wajyplygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hökümet agzalarynyň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen-ýapon komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi
Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy berkeýär
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY