Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň gerimi barha giňeldilýär.Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we netijeli syýasy we ykdysady, şol bir wagtda medeni we parlamentara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Muňa ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa döwletine amala aşyran iş saparyndan hem görmek bolýar.Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly, strategik hyzmatdaşlarynyň biridir.Häzirki wagtda däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Ähli ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ýylsaýyn berkidilip, halkara derejede uly ösüşlere eýe bolýar.Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda parlamentara dostluk topary döredildi.Türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär.

Syýasy ugry ele alanymyzda, bu babatda iki ýurduň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlar iki ýurduň syýasy binýadyny barha pugtalandyrdy.

Ykdysady ugry barada aýdylanda bolsa, bu ugurda soňky ýyllarda ýapon kompaniýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täzeçil ugurlaryna has köp maýa goýumlaryny goýdular.Diňe soňky dört ýylyň içinde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi.

Häzirki wagtda Komatsu kompaniýasy bahasy 470 million amerikan dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalary, Toyota kompaniýasy bahasy 90 million amerikan dollary bolan awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygy durmuşa geçirýärler.Häzirki wagtda ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän, 230 million ýewro we 17 milliard ýene golaý bolan 38 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.Garabogazda 600 müň tonna ammiak, şeýle-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, Owadandepede 600 müň tonna gazdan benzin öndürýän zawodlary gurmak, Türkmenabatda ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürýän zawodyň gurluşygy, şonuň ýaly-da ýurdumyzda türkmen we ýapon telekeçileriniň bilelikde 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody gurmaklary meýilleşdirilýär.Bilim ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Sukuba uniwersitetiniň arasynda ylymlary alyşmak we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga, şeýle hem 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Sukuba uniwersiteti bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirýär.Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Parlamentiň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki, Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Bu hem iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine giňden ýardam edýär.Ýaponiýanyň kanunçylyk ulgamynda işleýän wekilleri bilen duşuşykda hormatly Arkadagymyz halklaryň bilelikdäki parlament diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Birinjiden, Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, ikinjiden, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak, ony netijeli ulanmak, üçünjiden, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, dördünjiden, parlamentara gatnaşyklarda durnukly ösüşi gazanmak ýaly ugurlar dogrusynda kanunçylykda özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe boljakdygy beýan edildi.Şu ýyl Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna otuz ýyl doldy. 2005-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Ýaponiýanyň, 2013-nji ýylyň maý aýynda Tokioda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine möhüm çelgi boldy.

Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň kuwwatly tolkuny ýokary derejedäki gatnaşyklara getirdi.Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ýokary derejeli söwda-ykdysady we maliýe hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmäge ýardam edýän medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ösüşine hem ýardam edýär.

Taňryguly DILEGBERDIÝEW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aşgabatda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti kabul edildi
Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär
ÝAPONIÝADA TÜRKMEN DILINI ÖWREDÝÄN OKUW DERSLERI BAŞLANÝAR
Ýaponiýada ýerli we daşary ýurtly talyplara türkmen dili öwrediler
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar