19.03.2020 | Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy döwletde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwer kömegi iberildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini doganlyk eýran halkyna muzdsuz kömek hökmünde iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Ýörite ýük Horasan — Rezawi welaýatyna ýetirildi, bu ýere Deregez şäheriniň häkimi Ali Farahi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales hem-de Deregez şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Mohandes Salimi, bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bu welaýatyň resmi wekilleri ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, doganlyk kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.Bu işleriň hemmesi milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň nobatdaky gezek dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy döwletiň halkyna ynsanperwer kömegini iberdi.Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerine ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklar türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir we ol nesilden-nesle geçip gelýär.

Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti öýken sowuklama keselinden Eýranyň raýatlarynyň birnäçesi ejir çekýär.Türkmenistan goňşy ýurt üçin şu kyn döwürde eýran halkyna doganlyk goluny uzatdy.Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, häzirki wagtda ol döwletara hyzmatdaşlygyň esasy bolup hyzmat edýär.

Iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.Soňky onlarça ýyllaryň içinde biziň ýurtlarymyz bilelikdäki iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen berkidilen netijeli hyzmatdaşlygyň ägirt uly oňyn tejribesini topladylar. Şol taslamalar türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilip, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şolaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly bar, ol sebitiň we dünýäniň ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm halkasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu ynsanperwer çäre dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň üýtgewsizdiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup, iki goňşy döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi
Türkmen-eýran söwda dolnyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda artdy
Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing
Adam hukuklaryny toslaýanlary ,Eýranyň kazyýet häkimliginiň ýazgarmagy