19.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi.Wise-premýer nebitgaz senagatynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji noýabrda geçiren mejlisinde kesgitlän wezipeleri babatda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýangyç-energetika toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribesiniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, tebigy gazy we nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenen önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär.

Wise-premýer içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen durnukly üpjün etmek üçin görülýän çäreler hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, “mawy ýangyjyň” daşary bazarlara iberilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, gazhimiýany ösdürmek we “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ýaýbaňlandyrylan düzümini döretmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebite hem-de gaza baý bolan täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek barada döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet ministri - Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew tebigy gazy gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda iri känleriň biri bolan Döwletabat käninde önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribesini we iň täze enjamlaryny öwrenmegiň hem-de peýdalanmagyň hasabyna guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada giňişleýin habar berildi. Ýurdumyzyň gündogarynda, Malaý gaz käninde we oňa ýanaşyk Täjibaý meýdançasynda üç ölçegli seýsmo-barlag usuly arkaly geçirilýän gözleg-barlag işleri, şeýle hem Demirgazyk Çopanguýy meýdançasynda aşaky gatlaklary öwrenmek we olaryň gazlylygyna baha bermek boýunça geçirilýän gözleg-barlag işleri barada habar berildi. Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corparation” kompaniýasy bilen şu ýylyň sentýabr aýynda ýylda 10 mlrd.

kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň ýerüsti gurluşygy boýunça taslamanyň başlangyç tehniki resminamalaryny taýýarlamagynyň deslapky işlerini ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşyldy.Bu desgany tebigy gazyň gory boýunça dünýäde ikinji ýerde duran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak baradaky toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde işler alnyp barylýar.

Soňra Türkmennebit döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Orazow nebit pudagynyň önümçilik-hojalyk işleri we şunuň bilen baglylykda, döwlet konsernindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimize nebitgazly ýataklaryndaky ulanyş guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem geljegi uly täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we ýüze çykarmak, olary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan çig malyň mukdaryny artdyrmak babatda geçirilýän işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de daşary ýurtly maýadarlary çekmäge degişli beren tabşyryklaryna laýyklykda, nebitgaz känlerinde ýataklaryň netijeli işlenilip taýýarlanylyşyny ýokarlandyrmak, ýagny ýangyjy gazyp almak işlerini dolandyrmakda hem-de guýulary özleşdirmekde sanly tehnologiýalary ulanmak işleri bar.

Mundan başga-da, konsern tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenarýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze deňiz toplumlaryny özleşdirmäge maýadarlary çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Öz nobatynda, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, meýdan geofiziki barlaglaryny we çuňňur barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriniň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda korporasiýa günorta-gündogar we günbatar geljegi uly nebitgazly meýdançalarda hem-de belli ýataklaryň çäklerinde çuň buraw gözleg-barlag işlerini amala aşyrýar. 2019-njy ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda täze açylan Täjibaý meýdançasynda gazylan 1 we 2 belgili guýulardan gaz akymy alyndy.

Mundan başga-da, Günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Demirgazyk Nazar-Ekerem meýdançasyndaky 1 belgili guýuda senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy we gor hasaplama işlerine başlandy.Mundan başga-da, himiýa, metallurgiýa, gurluşyk we gurluşyk senagatynyň we beýleki pudaklaryň kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat edýän peýdaly gazylyp alynýan magdanlary ýüze çykarmak maksady bilen, geologiýa barlaglary barada habar berildi.

Balkan welaýatynda sement öndürmekde peýdalanylyp bilinjek hek daşlaryň, toýunlaryň ýataklarynyň ýerleşýän ýeri bolan Janahyrda gözleg-baha beriş işleri geçirilýär.Täze 3D meýdan seýsmiki toplumyny hem-de meýdan işleriniň netijesinde alynýan maglumatlary işläp taýýarlamak işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin täze programma üpjünçiligini satyn almak maksat edinilýär.

Bu toplum gelejekde birnäçe ýyllaryň dowamynda özleşdirilip gelinýän nebitgaz ýataklarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, 4D seljeriş tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.Iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bu maksatnama laýyklykda, uglewodorod serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, nebitiň gaýtadan işlenilişini çuňlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak hem-de şol önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda zawodlar toplumynda gurmak göz öňünde tutulan döwrebap tehnologik desgalaryň birnäçesini bina etmek boýunça täze taslamalaryň ençemesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda Ýewro-5 we ýokary ölçeglere kybap gelýän awtomobil benzinlerini, ýokary hilli tehniki ýaglary hem-de beýleki nebithimiýa önümlerini öndürýän desgalar toplumy bar.

Mundan başga-da, Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini guramagyň tehniki we ykdysady taýdan maksada laýyklygy öwrenilýär.Soňlugy bilen bu önümi polistirol we kauçuk ýaly dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gymmat bahaly önümleri almak üçin çig mal hökmünde ulanmak maksat edinilýär.

Soňra “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” döwlet konserninden wekil M.Amanow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa serhetdeş ýurtlaryň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Häzirki günde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalaryny taýýarlamak işleri doly tamamlandy, taýýarlanan resminamalar gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy.Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini bahalandyrmak işleri tamamlanyp, oňyn netijeler alyndy. Şeýle hem bu ýurtlaryň çäklerinde topragyň, howanyň we ýer üstüniň şertlerini öwrenmek boýunça barlag-öwreniş işleri tamamlandy.

Halkara ölçegleriniň we maliýe edaralarynyň ähli talaplary göz öňünde tutulyp, ýerine ýetirilen bu işleri geçirmäge jemi 2 müňden gowrak ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdy.Gaz geçirijiniň gurluşygyny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek üçin potratçylary işe çekmek hem-de şertnamanyň şertlerini ylalaşmak babatda halkara bäsleşikleriniň jemini jemlemek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Halkara bäsleşigine Germaniýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Gresiýanyň hem-de beýleki döwletleriň abraýly nebitgaz enjamlaryny öndürýän we gurluşyk kompaniýalary gatnaşýar. Şunuň bilen bir hatarda, maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň, Russiýanyň eksport-karz beriş agentlikleri, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, şeýle hem taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän beýleki maliýe edaralary we iri halkara banklary bilen gepleşikler dowam edýär.

Taslama gatnaşyjy döwletleriň degişli düzümleri bilen bilelikde, ozaldan bar bolan ylalaşyklaryň üstüni ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.Ozal Owganystanyň we Pakistanyň hökümetleriniň hem-de kabul edýän taraplaryň arasynda ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekildi.

Häzir bolsa bu ylalaşygyň gazy üstaşyr geçirmäge, akdyrmaga degişli düzgünleriniň şertleri ylalaşylýar.Bu işleri geljek ýylyň birinji çärýeginde tamamlamak göz öňünde tutulýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, BMG tarapyndan kabul edilen durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini nygtady.

Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin iberilmegi amala aşyryljak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, täze energetika geçirijisiniň geçýän ýolunyň ugrunda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary çekiler.Bu bolsa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagy ugrunda ýene-de bir anyk ädime öwrüler. Ägirt uly kuwwata eýe bolan ulag ulgamy ýaly strategiki ugurda hem hyzmatdaşlyk örän möhümdir.

Geljekde munuň özi Owganystanyň sebit we halkara möçberinde üstaşyr-ulag gatnawlary ulgamyna goşulyşmagyna mümkinçilik berer.Owganystana ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy, muzdsuz esasda dürli ynsanperwer ýükleri ibermek bilen bir hatarda, biziň ýurdumyz goňşy döwletde durmuş maksatly, hususan-da, lukmançylyk we bilim ulgamyna degişli desgalary gurýar.

Doganlyk owgan halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga tarap ymtylmasynda raýdaşlygyny bildirip, Türkmenistan mundan beýläk-de ählitaraplaýyn goldaw we zerur bolan kömekleri berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň hasabaty diňlenildi.

Ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan birnäçe taslamalar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, energetika strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmäge, tebigy gazyň gazylyp alnyşynyň we eksport edilişiniň mukdaryny artdyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen çäreler barada habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi babatda dürli meseleleriň çözülmegine ylmy taýdan çemeleşilişi barada aýdyldy.Geňeşçi öz çykyşynda sebitiň we dünýäniň energetika ulgamy üçin bu gaz geçirijiniň ägirt uly ähmiýetini belledi.

Taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrmaga, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ykdysady durnuklylygy ýokarlandyrylmaga, maýa goýumlaryny we söwdany ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, möhüm meseleleri, şol sanda önümçiligiň netijeliliginiň hem-de energiýa geçirijiniň düzümleýin desgalarynyň tehnologiki ygtybarlylygynyň ýokarlanmagy bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam edýän ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň we tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz berlen hasabatlaryň netijelerini jemläp, ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düşewüntli bolmagyny gazanmak, netijede girdeji berýän öňdebaryjy pudaklaryň birine öwürmek biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynyň ähli ýolbaşçylary pudagyň edara - kärhanalarynyň önümçilik tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegine aýratyn üns bermelidir, garamagyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň yzygiderli ýokarlanmagyny we düşewüntli işlemegini gazanmalydyr.

Biziň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyz netijesinde soňky ýyllarda pudakda köp sanly iri möçberli taslamalar amala aşyryldy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, dünýä möçberinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän Galkynyş käniniň çalt depginler bilen özleşdirilmegini, tebigy gazyň akdyrylyşynyň bir bütewi ulgama birikdirilmegini üpjün edýän Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagyny, Gyýanlyda polietilen we polipropilen zawodynyň işe girizilmegini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürýän sehiň, ýokary oktanly benzin çykarýan desganyň işe girizilmegini, Owadandepede tebigy gazdan benzin alynýan zawodyň gurlup, ulanmaga berilmegini we birnäçe beýleki iri taslamalary mysal hökmünde görkezdi.

Biziň sebitimiz üçin örän möhüm bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygy depginli alnyp barylýar.Bulardan başga-da, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe täze gazhimiýa toplumlarymyz tebigy gazy düýpli gaýtadan işläp, alynýan önümleriň sanyny we möçberini has-da artdyrmaga, pudagy toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň şertleri döreder.

Emma, muňa garamazdan, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, nebitgaz toplumynda, esasan hem nebit we gaz çykarmakda, onuň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň netijesi pese düşýär, ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalar yzygiderli ýerine ýetirilmän gelýär.

Pudaklarda sanly ulgama geçmek işleri hem haýal alnyp barylýar.Nebit önümlerini çykarmak we halkara bazarlaryna ibermek boýunça önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde kemçilikler bar.Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019-njy ýyl üçin meýilnamasy boýunça borçnamalary berjaý etmekde hem kemçiliklere ýol berilýär.

Mysal üçin, Türkmennebit döwlet konserni boýunça şu ýylyň on aýynda meýilnama 88,7 göterim ýerine ýetirildi.Meýilnamanyň ýerine ýetirilmeýändiginiň esasy sebäbi buraw işleriniň, guýulary düýpli abatlamak boýunça işleriň pes depginde alnyp barylýandygy bilen baglydyr. Şonuň ýaly-da, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler talabalaýyk alnyp barylmaýar.

Nebit guýularynyň hereketsiz duran gorlarynda hyzmat ediş işleri ýeterlik geçirilmeýär.Işlenip geçilýän köne ýataklarda nebitiň çykarylyşyny we önümli gatlaklaryň nebit berşini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy täze tehnologiýalar netijeli ulanylmaýar.Nebitdag şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda potratça düşýän nebitiň paýy öz wagtynda berilmedi. Şonuň netijesinde, Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, taraplaryň paýlaryny laýyk getirmek göz öňünde tutulanda, Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan ENI kompaniýasyna 18 müň tonna möçberde nebit paýy berilmedi.

Russiýanyň Tatneft we Singapuryň Ýugneftegaz kompaniýalary bilen hyzmat etmek boýunça şertnamalaryň mümkinçilikleri doly möçberde ulanylmaýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmengaz döwlet konserniniň işlerini seljerip, 2019-njy ýylyň 10 aýynda tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 94,6 göterim, kondensat çykarmak boýunça 90,7 göterim we suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça hem 98,5 göterim ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle hem polietilen öndürilişi 21,2 göterim, polipropilen öndürilişi 23,8 göterim we ECO-93 kysymly benzin öndürilişi 27 göterim berjaý edildi. 2019-njy ýylyň 10 aýynda tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 94,5 göterim ýerine ýetirildi.

Bagajadaky zawodda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi bolsa, bu kärhananyň önümçilik kuwwatyna laýyk gelmeýär.Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa -gözleg işlerini geçirmekde şu ýyl üçin meýilnama 85,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň günbatarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň hasabyna nebitiň gorlaryny artdyrmagyň ýeterlik möçberleri üpjün edilmeýär.

Täze nebit ýataklary açylmaýar.Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça benziniň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň we mazutyň öndürilişi artdyrylmaýar. 2018-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, benziniň öndürilişi 89,8 göterim, kerosiniň öndürilişi 83,8 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 91,8 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 82,5 göterim we mazutyň öndürilişi hem 93,7 göterim möçberde boldy.

Nebit önümlerini ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlemekde hem kemçiliklere ýol berildi.Zawodda öndürilen polipropilen örtügini içerki we halkara bazarlaryna ibermegiň ýeterlik depgini üpjün edilmeýär.Daşary ýurt pulunda gelýän girdejiler 2 % azaldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriniň birnäçesini kesgitledi.Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijilerini has-da gowulandyrmak üçin ylmyň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Özara bähbitli şertlerde pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeli.

Hususan-da, Türkmennebit döwlet konsernine bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak tabşyryldy. Şu maksat bilen, uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp geçmek we gaýtadan işlemek babatda dünýäde ykrar edilen halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaly.

Täze açylan nebit ýataklaryny özleşdirmäge we köne ýataklardan nebitiň çykarmasy kyn bolan galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmäge, täze halkara bazarlaryna çykmagyň logistika mümkinçiliklerini öwrenmäge, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerindäki böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmaga we onuň Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze gurlan gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny gazanmaly. Ýakyn geljekde gurulmagy göz öňünde tutulýan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli. Ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde we gaz - nebithimiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we barlamaga, täze nebitgaz ýataklaryny açmaga gönükdirilen işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegi, nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýmagy, bu önümleri daşary ýurtlara ibermegiň ýollaryny giňeltmegi, şeýle hem bu önümleri halkara bazarlaryna çykarmagyň ugurlarynyň gerimini artdyrmagy tabşyrdy. Şunda sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy üpjün etmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we onuň köp girdeji getirmegini gazanmaga ilkinji nobatda üns berilmelidigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag institutlarynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçip, gazanylanlary we taýýarlanan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmalydygyny aýtdy.Pudagyň institutlary dünýä ylmynyň tejribesini we iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidir. Ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar