19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady, Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding türk kompaniýasynyň başlygy bilen duşuşdy, Türkmenistanyň wekiliýeti Belgiýada iş saparynda bolýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 2.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi. 3.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17 19-njy martda Belgiýada gulluk iş saparynda bolýar.Saparyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. 4.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy howpsuzlyk işgäri üçin boş iş ornunyň bardygyny yglan etdi.Bu işe diplomatik gullugyň işgärleriniň, myhmanlarynyň we jaýlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýokary hünär derejeli howpsuzlyk işgäri çagyrylýar.

Işgäriň jogapkärçiligi ilçihananyň we ilçiniň rezidensiýasynyň çägine girişe gözegçilik etmek, perimetriň goragyny alyp barmak, wideo gözegçilik we duýduryş ulgamlaryna gözegçilik etmek, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. 5.

Türkmen atlary döwlet birleşigi ahalteke tohum atlary üçin pasportlary resmileşdirmegiň, bermegiň we çalyşmagyň täze tertibini tassyklady.Bu resminama Atçylyk we atly sport hanynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklandy we Türkmenistan Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary portalynda ýerleşdirildi. 6.

Türkmenistanda her ýylda geçirilýän Iň eýjejik gyzjagaz 2024 atly bäsleşigiň jemi jemlendi.Jemleýji tapgyrda gyzjagazlar üç şert boýunça: aýdymlary we goşgulary ýerine ýetirmek, milli egin-eşiklerini çeper wasp etmek hem-de el işlerinde başarnyklaryny görkezmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň Baş baýragyna Daşoguz welaýatynyň 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa mynasyp boldy.

Dünýäde

7.Amerikanyň SpaceVIP kompaniýasy Mişleniň baş aşpezi Rasmus Munkyň agşamlyk nahary bilen dünýäde ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrmagy teklip edýär.Stratosfera çykmaklyk Ýeriň atmosferasynyň 99%-inden ýokary geçmäge mümkinçilik berýän howa şary arkaly amala aşyrylar.

Spaceship Neptune restoranyndan başga-da, ösümlikler, rahat kürsüler we Wi-Fi mümkinçiligi bolan dünýäde ilkinji kosmos SPA-salony hödürlenýär.Spaceship Neptune restoranyna uçmak üçin ýörite taýýarlyk talap edilmeýär.

Bir adam üçin petegiň bahasy 495 müň dollar.Häzirki wagtda uçuş üçin 1650 adam nobata dur.Kosmos syýahatynyň 2025-nji ýylda başlanmagy meýilleşdirilýär. 8. 2500 adamyň gatnaşmagynda geçirilen gözleg adamlaryň irden 5-de iň erbet ruhy ýagdaýy başdan geçirýändigini ýüze çykardy.

Miçigan uniwersitetiniň (ABŞ) hünärmenleri adamyň keýpiniň günüň dowamynda tebigy ýagdaýda üýtgäp durýandygyny, irden iň pes we agşam iň ýokary derejä ýetýändigini düşündirdiler.Bu üýtgemeler ukynyň tertibine bagly däl, ýöne ukusyzlyk psihiki ýagdaýy has-da ýaramazlaşdyryp biler. Şol bir wagtyň özünde, agşam sagat 5 günüň iň bagtly wagty diýlip atlandyryldy.

Sport habarlary

9. 26-njy martda Aşgabat stadionynda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynyň dördünji aýlawynyň çäklerinde E toparçada Türkmenistan bilen Eýranyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk geçiriler. Şu günden başlap, petekler stadionyň kassasynda satuwa çykarylýar. Petegiň bahasy 30 manat. Kassalaryň iş tertibi irden sagat 9-dan agşam 9-a çenli.

Ýene degişli makalalar

Rönesansyň ýolbaşçysy Berdimuhamedowa Türkmenistandaky täze taslamalar barada hasabat berdi
Rönesans Holding kompaniýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady
Rönesans Holding-iň prezidenti hyzmatdaşlyk üçin sagbolsun aýdýar
Myhmansöýerligiň, dost-doganlygyň we hoşniýetliligiň şäheri
Ykdysady kynçylyklaryň fonunda Aşgabatda ýene bir kaşaň myhmanhana ulanylmaga berildi
Myhmansöýer paýtagtymyzyň gözelligi täze binalar bilen artýar