1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy?

1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy?

Şu ýyl II Jahan urşunda Nazi Germaniýasyndan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy bellenip geçilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany şu tema gönükdirilýär.

1939-1945-nji ýyllarda bolup geçen uruşda şol döwürlerde dünýä ilatynyň tas 3 göterimi heläk boldy. Dünýä taryhynyň sahypalarynda gan bilen ýazylan alty ýylyň dowamynda tutuş dünýä boýunça 21-25 million çemesi harby, 50-55 million töweregi asuda raýat wepat boldy.

1940-njy ýyllarda 1 million 300 müň çemesi ilaty bolan Türkmenistanda takmynan 100 müň adam 70 müň harby, 30 müň asuda raýat uruşda wepat boldy. Bu sanlar şol döwürlerde ýurduň umumy ilatynyň takmynan 7,7 göterimini emele getirýärdi.

Bu uruş Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar, eýsem, onlarça müň türkmenistanly haýsy şertlerde uruşmaga alnyp gidildi, nähili şertlerde wepat boldy? Bu uruş türkmen halkynyň arasynda nähili trawma goýup gitdi? Türkmenler gan döküp, kimiň watanyny gorady? Biz şuňa meňzeş soraglar bilen Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Ýene degişli makalalar

Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere gönezlik bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'
Türkmenlerde 'territorial bitewilik' we 'ruhy birlik' ýörelgeleriniň geçen sepgitleri
Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär?
Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm)
Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
Mekdeplerde okadylýan sapaklar durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli synçy