“1974-nji Ýylyň 20-nji Iýuly, Kipr Türkü Üçin Şanly Gün”

“1974-nji Ýylyň 20-nji Iýuly, Kipr Türkü Üçin Şanly Gün”

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipr parahatçylyk hereketi netijesinde Kipr türküniň garaşsyzlygyna eýe bolandygyny aýtdy.

Tatar, Kipr parahatçylyk hereketiniň 50 ýyllygy we 20-nji iýul Parahatçylyk we azatlyk baýramy mynasibetli beýannama berdi.

Prezident Tatar, grekleriň Kipri Gresiýa bilen birleşdirmegi arzuw edendigini ýatladyp, munyň üçin grekleriň Ada-da uly gan dökendiklerini belledi.

Tatar “1974-nji ýylyň 20-nji iýuly, Kipr türkü üçin şanly gün, sebäbi şol gün Kipr türkü garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we azatlygyna eýe boldy” diýdi.

Tatar, ene watan Türkiýeden esgerleriň ada gelmegi we Kiprli mujahidleriň göreşi bilen Kipr türküniň garaşsyzlygyna eýe bolandygyne ünsi çekdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipr parahatçylyk hereketi netijesinden soňky 50 ýyldan bäri Kiprde parahatçylygyň höküm sürýändigini nygtady.

Prezident Tatar, Türkiýäniň berýän goldawlary netijesinde, DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňizinde döwrebap we garaşsyz Türk döwleti ýagdaýyna gelendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ersin Tatar Guterriş Bilen Duşuşdy
Ersin Tatar: "Ata Watanymyz Türkiyä minnetdardyrys" diýdi
Fidan DKTR-da Saparda Bolýar
Hakan Fidan DKTR-da Saparda Bolar
DKTR-nyň Prezidenti Tatar Ankarada Saparda Bolýar
Gepleşikleriň Başlamagy Üçin DKTR-nyň Özygtyýarlygy Ykrar Edilmeli