
4-nji aprelde garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň etraplarynda şol günki iň yssy howanyň rekordy täzelendi diýip Meteožjurnal maglumat berýär. Şol gün Aşgabatda 36,6 dereje yssy bolup, 1991-nji ýylda bellik edilen rekorddan 6 dereje ýokary boldy.
Taryhda Aşgabatda howanyň derejesi 1-nji ýanwardan 5-nji aprel aralygynda öwrenilen döwürde 36 derejeden ýokary yssy üç gezek bolupdy:
2004-nji ýylyň 6-njy martynda,2010-njy ýylyň 10-njy martynda we 2018-nji ýylyň 30-njy martynda.
4-nji aprelde ýurdyň beýleki sebitlerinde hem iň güýçli yssy boldy: Mysal üçin, Serdarda (öňki Gyzylarbatda) 36,9 dereje (öň 30,5), Saragt şäherçesinde 38,7 dereje, Baýramali şäherinde 36,5 dereje (owal 33,7), Türkmenabatda 33,3 (öňki 32,4), Ekejede 36 dereje (öňki 29,5), Ýerbentde 37,5 dereje (owal 33,3) boldy.
4-nji aprelde Häzäryň kenaryndaky Türkmenbaşyda (öňki Krasnowodskide) yssy 26 derejeden irden 15 derejä düşdi.The post 1991-nji ýyldan bäri Aşgabatda günüň iň yssy howasy boldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.