2-nji liga düşen klub ýurduň kubogyna mynasyp boldy

Argentinanyň çempionatynda 2-nji liga düşen “Atletiko Patronato” topary ýurduň kubogyna mynasyp boldy. 62-nji gezek geçirilen Argentinanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Atletiko Patronato” topary bilen “Talleres” topary duşuşdy.

Mendosa şäherinde oýnalan finalyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady.Oýnuň 78-nji minutynda Tiago Banega hasaby açdy.Bu duşuşykdaky ýeke-täk gol boldy. Çärýek finalda “Riwer Pleýti”, ýarym finalda-da “Boko Huniorsy” ýeňip, finalda “Telleres” toparyndan üstün çykan “Atletiko Patronato” topary taryhynda ilkinji gezek kubogy asmana göterdi. Çempionatyň aşaky orunlarda tamamlap, 2-nji liga düşen klub geljek möwsümde Libertadores Kubogynda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

38 ýyldan soň finala çykdy
Dünýäniň täsin stadionlary 3
“Palmeiras” finalyň bosagasynda
Myhmançylykda 20 ýeňse-de finala çykyp bilmedi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy